Ýurdumyzy depginli ösdürmek boýunça kabul edilen meýilnamalary amala aşyrmak babatda yzygiderlilik, dünýäniň hemme ýurtlary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän netijelilik hem-de uzak möhletlilik hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ähli başlangyçlary, durmuş-ykdysady maksatnamalary Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we rowaçlygyny üpjün etmek strategiýasy bilen sazlaşykly bitewüligi emele getirýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň dowamynda bolan wakalar hem aýdyň beýan edýär.
Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.
Üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň netijesinde şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.
Hasabat döwründe durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen birnäçe işler alnyp baryldy.
Mejlisde şeýle hem ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat we elektroenergetika ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabatlar berildi.
Döwlet Baştutanymyz suwuklandyrylan gazyň we polipropileniň öndürilişiniň, nebitiň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak we pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtap, «Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gurluşyk we senagat toplumy boýunça kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak, olary taslama kuwwatyna çykarmak üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şu ýylyň sentýabr aýynda welaýatlarda açylmagy meýilleşdirilýän çagalar baglarynyň we mekdepleriň ýokary hilli, talabalaýyk ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna üns çekilip, wise-premýere anyk görkezmeler berildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky meselelere uly üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar gününe, täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy hem-de bilim ulgamynyň täze, döwrebap edaralarynyň ulanylmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek babatda aýratyn tabşyryklary berdi. Şeýle hem wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin degişli çäreleri görmek tabşyryldy.
Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady, medeni we maglumat giňişligine goşulyşmagy bilen bagly meselelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işlenip taýýarlanylan we garamagyna hödürlenen «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» we «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere hem garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.
Geçen hepdede türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy hadysalaryň bolup geçendigini göz öňünde tutup, bu sebitde ýaşaýan çagalar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 2023-nji ýylyň awgust aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarlamak hem-de muzdsuz bermek tabşyryldy.
25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi.
Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Palestina Döwletiniň köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.
Şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Degişli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmegi, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegi bu ugurdaky netijeli ädimleriň hatarynda görkezildi.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Mejlisinde Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşyk geçirildi.
Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy milli parlamentiň düzümi hem-de onuň kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.
Türkmen-palestina gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda döwletara dialogyň möhüm ugry hasaplanylýan parlamentara hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň ähmiýeti nygtaldy, Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň däp bolan dostlukly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygy ýene bir gezek tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşygyň dowamynda işewürlik gatnaşyklary üçin esaslary döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, Türkmenistan bilen Palestinanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (PIСA) hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligine garaldy.
Ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine — Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hakynda Teswirnama hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Bilelikdäki hökümetara komiteti döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
24-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda depginli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Uzak möhletli geljege gönükdirilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi. Iki ýurduň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürleriň hem-de telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Nebithimiýa we dokma senagatynyň, oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklaryň önümleriniň, dürli azyk harytlarynyň eksportyna, sanly tehnologiýalara geljegi uly ugurlar hökmünde garalýandygy nygtaldy.
Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagynda bu ulgama möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyz we Riýad al-Maliki medeniýet, ylym-bilim ulgamynda hem-de sungat ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny bellediler.
26-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we olaryň işini döwrebap derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň bu tapgyrynda senagat we önümçilik maksatly toplumlaryň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigi bilen baglylykda, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşyna hem-de ekologiýa meselelerine uly üns berilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş, ýeňil senagaty we azyk önümleriniň iri önümçilik toplumlarynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, gurluşyk serişdeleriniň hiline, ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidigini belläp, alnyp barylýan ähli işleri berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli 21-nji awgustda Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» ady bilen geçirilen dabaraly maslahaty geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda bellemek bolar.
Merkeziň eýwanynda ýörite sergi guralyp, onda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilen milli gymmatlyklar, Magtymguly Pyragynyň golýazmalary, beýik şahyryň türkmen hem-de daşary ýurt dillerinde neşir edilen goşgular ýygyndylary, amaly-haşam sungatynyň eserleri we beýlekiler görkezildi. Aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Maslahata gatnaşyjylar beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmeginiň ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýandygyny bellediler.
ÝUNESKO-nyň bu düzümi bilen has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň türkmen ýaşlarynyň öňünde giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Bu gatnaşyklar guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan geljegi uly taslamalara ýaşlary giňden çekmäge, olary höweslendirmäge ýardam berer.
25-nji awgustda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda täze eýýamyň ruhuny, ägirt uly özgertmeleri wasp edýän, şeýle hem şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ony täze eserler bilen baýlaşdyrmaga mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlarynyň zehininiň buýsandyrýandygyny belledi.
Çykyşlara ýokary derejeli eminler tarapyndan, halkara ölçeglere laýyklykda, bäş ugur boýunça baha berildi. Soňky ýyllarda ses bermek hem-de sesleri sanamak işiniň sanly tehnologiýa arkaly amala aşyrylýandygyny bellemek möhümdir. Bu bolsa çözgütleriň kabul edilmeginiň has anyk bolmagyna ýardam edýär. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly we sazsyz görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy göz öňünde tutuldy.
6 sany ýeňiji ýörite diplomlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda 26-njy awgustda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisini bellemek bolar. Oňa Ministrler Kabinetiniň guramanyň işleri boýunça jogapkär agzalary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine goşulmagy bilen bagly hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubuny döretmek boýunça amala aşyrylmaly işler baradaky hasabatlar diňlenildi.
Mejlisiň barşynda, şeýle hem «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti bilen işjeň hyzmatdaşlygyň wezipeleri kesgitlenildi.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny okgunly ösdürmäge, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ynamly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň yzygiderli hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.