TENNIS RAKETKASY

     Sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi raketkaly oýunlaryň biridir. Bu gyzykly oýnuň taryhyna ser salsak, ilkibaşda oýun üçin diňe agaçdan ýasalan raketkalar ulanylypdyr, ýagny rezin örtügi bolmandyr. Soňra dykylardan ýasalan örtükli raketkalar peýda bolupdyr. Emma olarda oýnamak amatly bolmandyr. 1903-nji ýylda ilkinji gezek gatlagy öýjükli kauçukdan ýasalan raketka ulanylýar. Topy her dürli usul bilen aýlamak, oňa gözegçilik etmek mümkinçiligi döräpdir. Şeýdip, stoluň üstünde oýnalýan tennisiň kadalary üýtgeýär.

     1952-nji ýylda öýjükli örtükli raketkany Bombeýde geçirilen Dünýä çempionatynda ýapon türgeni Hirodzi Sato ulanýar we çempion bolýar. Ýapon topary şonda ilkinji gezek çempionata gatnaşýar we köp medala eýe bolýar. Şol günden soň, öýjükli rezin örtükli raketkalar bütin Ýewropa ýaýrap başlaýar. Netije-de, Ýewropa stoluň üstünde oýnalýan tennisiň Bütindünýä merkezine öwrülýär. Emma örtügiň bu görnüşi hünärmenlere ýaramaýar, sebäbi şolar ýaly örtük tarapyndan urlan topy kabul etmek üçin oýun ussatlygy däl-de, fiziki güýç ulanmaly bolýar. Netije-de, sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy ýitip başlaýar. 1959-njy ýylda öýjükli örtükli raketkalary ulanmak gadagan edilýär.

     Şol wakadan soň, ýörite düwür-düwür reziniň aşagyndaky öýjük örtükli raketka hökmünde ulanyp başlaýarlar. Netije-de, oýun çaltlaşýar, topy dürlüçe aýlamak mümkinçiligi döreýär. Urgy ussatlyga uly täsir edýär, çekeleşik döreýär, oýun has gyzykly geçýär.

 

Taýýarlan: Mähri ESENOWA,

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň

jemagat hojalygy müdirliginiň hünärmeni,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

ÝATLA

Indiki makala

BAG (hekaýa)

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI