BAG (hekaýa)

     Täze jaýa göçüp gelenimize özümizem begendik welin, hemmämizden köp begenen kakam boldy. Her bir otaga girip, esli synlap durup, «Tüweleme, bolawersin, nesip etsin» diýip gaýtalaýardy. Zandy oba ýerde doglup, obada önüp ösen adam-da, derrew oba gidip, jaýymyzyň daş-töweregine miwelidir saýaly nahallary oturtmak bilen boluberdi. Nahal oturtmaga menem kömekleşdim. Köçe tarapymyza arça, ak söwüt, tut ýaly nahallary oturtdyk. Howlyň içindäki bölejik ýerimize bolsa erik, alma, armyt, üzüm ýaly miweli nahallary oturtdyk. Ataly-ogul bolup günortana çenli işläp, bag oturtmak işimizi birýanýüzli etdik. Onsoň günortanlyk edinmäge oturdyk. Adam garrasa, çaga ýaly bolýa diýýärler, şol dogry bolmaly. Şu öýe göçüp gelelimiz bäri, kakamyň keýpi kök. Häzirem çaý başynda:

     -Şuny oňardyk, ine aňyrsy üç-dört ýyla nahallar ýetişip, miwe berip başlar. Saýasynda oturyp, çaý içmegiň özüniň aýry lezzeti bar-how. Özem men bu erik, alma, armyt, üzüm nahallaryny ýörite Narmyradyň bagyndan saýlap, alyp gaýtdym. Häli ýetişse, görersiňiz, iri-iri, gaty tagamly erikleri bolar-diýip, öz eden işinden kanagatlanmak bilen, begenip aýtdy.

     Men obamyzdan iki-üç kilometr dagy gündogarda ýerleşýän ullakan bagy gowy bilýärdim. Ol baga il arasynda «Narmyradyň bagy» diýýärdiler. Häzirem ol baga Narmyrat aganyň ogullary, agtyklary seredýärler. Her öýde miweli agaç bardyram welin, obada toý-märeke etjekler miwe, ir-iýmiş almak üçin ýörite «Narmyradyň bagyna» gidýärdiler. Bagyň eýeleriniň özleriniň hem toý etjege gatanç hökmünde almadyr erik, üzüm getirip berýän pursatlaram az däldi. Garaz, obamyzyň adamlary üçinem, goňşy obalar üçinem «Narmyradyň bagy» iň arzyly ýerleriň biridi. Men şu ýerde kakamdan:

     -Kaka, şol baga «Narmyradyň bagy» diýseler hem, şol Narmyrat diýilýän adam dogulmaka-da şol ýerde bag bolan ekeni diýýärler. Ýa-da ol bagy döreden başga Narmyratmy?- diýip soradym. Kakam beýle sowala garaşmadyk bolarly. Birbada hiç zat diýmän, dymyp oturdy. Men sowalymy gaýtalajak boldum, ýöne kakam oňa maý bermedi:

     -Dogrusy, oglum şol bag barada menem çaga wagtym ýaşululardan eşdipdim. Narmyrat diýilýän adam biziň obamyza başga ýerden gelen adam bolmaly diýýärler-diýip, ýene dymdy. Onýança gyzjagazym Näzik gelip:

     -Kaka, ejem nahar taýyn, getirelimi diýýär?-diýdi. Kakam:

     -Aý, berekella, Näzik gyzym, nahar taýyn bolsa, garaşdyrmak bolmaz, getiribelmeli-diýdi. Nahar başynda-da gürleşmedik. Töwir galdyrylyp, ortadaky okaralar alnyp, ýerine gaýtadan çaý geldi. Men çäýnegiň çaýyny üç ýola gaýtardym. Soň bir käsä guýup, kakamyň öňüne süýşürdim. Diňe şondan soň kakam:

     -Oglum, men oglankam, ýaşulular gürrüň ederdiler. Uruş döwürleri biziň obamyza Lebap tarapdan bir adam gelipdir. Öz-ä, argyşa gelenlere ýolda goşulypdyr diýýärdiler. Bir gözem oňly görmeýän eken, şonuň üçin urşa alynmadyk diýýärdiler. Ol oba arçynyna «Şu obada bir aýal doganym bardy, olam dünýäsini täzeläpdir. Şondan bir ogul galan bolmaly, şoňa eýe çykaýyn diýip geldim diýipdir». Arçyn yzarlap görse, onuň diýýän oglanjygy şäherdäki  internata ýerleşdirilen ekeni. Onsoň arçyn oňa «Sen şol aýal doganyňyň öýünde ýaşaber, ýegeniň tomusda dynç alşa gelende, öýüň gapysyny açyp otur» diýipdir. Ol adam razylaşyp, ýaşaberipdir. Ana, şol adamyň ady Narmyrat ekeni. Ol bag şol Narmyradyň yhlasy bilen ýetişdirilen bag bolmaly. Ol bagbançylyga şeýle yhlasly adam ekeni. Känbir märekä goşulybermeýän, bir gözem görmeýän Narmyrat aga baglar bilen gürleşmäge ussat ekeni. Şol adamyň irginsiz zähmeti netijesinde, sanlyja ýylyň içinde şeýle uly bag döräpdir. Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, ilki-ilkiler Narmyrat aga bagda ýetişdiren miwelerini eşek araba ýükläp, şäherdäki internada tabşyrar ekeni. Soň-soňlar, oba paýlap başlapdyr. Ýene-de bir tarapy, bir adam ondan nahal sorap barsa, ol «Özüm pylan wagtda alyp bararyn»  diýýän ekeni. Aýdan wagtynda hem barar ekeni, nahal oturdyljak çukuruň çuňlugyna, giňligine, günüň düşüşine, nahallaryň aralygyna özi mazaly göz ýetirip, oturdyp berer ekeni. Tä nahallar düýp tutup, gowy boý alýança, arasynda habar tutup durýan ekeni. Il arasynda «Narmyrat bagban her bir nahala edil öz perzendi ýaly seredýär» diýen gürrüň hem ýaýrapdyr. Ýöne ol adamyň aýaly, perzendi bolmandyr. Ýegeni hem internady tamamlap, ýokary okuwa gidip, soň oba gelmändir. Galan ömrüni biziň obamyzda ýaşap, şeýle uly bag ýetişdiren Narmyrat garrap, bu dünýä bilen hoşlaşmazyndan ozal arçyna, obamyzyň ýaşulularyna ýüzlenip, «Meni edil öz doganyňyz ýaly kabul etdiňiz, sagboluň. Men maşgala hem gurmadym, şol sebäpli, menden zürýadam galmady, bir galan zat şol bagym boldy. Sizden iki sany haýyşym bar. Bir-ä, şol baga gowy seretseňiz, ýene-de bir haýyşym, eger-de biriňiz meniň adymy çagalaryňyza goýsaňyz, men sizden razy bolardym» diýipdir. Şol Narmyrat bagbanyň hatyrasyna onuň bilen goňşy bolup ýaşan Söýün mugallym ogluna «Narmyrat» diýip at goýupdyr. Soň ol baga Söýün mugallym, ondan soň bolsa ogly Narmyrat seretmäge başlaýar. Seniň we biziň bilýän Narmyradymyz hem şol Söýün mugallymyň ogly Narmyrat bolmaly. Ynha, oglum, meniň eşdişime görä, şol bagyň taryhy şeýleräk-diýip, sözüni jemledi. Men sesimi çykarman oturdym. Kakam birazdan soňra:

     -Oglum, adam ogly bu dünýä gelensoň, yzynda ýagşy at galdyrmaly. Şol ýagşy at diýilýänem öňi bilen, edepli-terbiýeli perzent, ogul-gyz ýetişdirmeli. Eger dürli sebäplere görä, maňlaýyna dünýäden biperzent geçmek ýazylan  bolsa, eden ýagşy işleri bilen bu dünýäde ýagşy at galdyrmaly. Şeýle iň haýyrly işler hem ýol çekmek, guýy gazmak, köpri gurmak, bag ýetişdirmek ýaly işlerdir. Ine, özüň gyzyklanyp soradyň, «Şol Narmyrat diýilýän adam kim bolmaly?» diýip. Narmyrat agany dogrusy, menem göremok, ýöne ine, şonuň ady ýarym asyrdan hem gowrak wagt bäri bag bilen baglanyşykly tutulyp gelýär. Iň bärkisi, seniň şu täze jaýyňda hem şol Narmyrat aganyň döredip giden bagyndan nahallar getirip oturtdyk. Bizden başga-da, näçe adamlar ol bagyň miwesini iýendirler, nahallaryndan alyp oturdandyrlar. Hemmesiniňem dilinde ilki bilen, Narmyrat aga minnetdarlyk bolar. Indi senem çagalaryňa şol Narmyrat bagban hakynda gürrüň berersiň. Şeýdip, bir wagt dünýäden ötüp giden adamyň ady öz döredip giden ajaýyp bagy bilen bilelikde agyzdan-agza, dilden-dile geçip ýöräberer. Ýene-de bag ýetişdirmek tebigatyň gözelligine gözellik goşmakdyr, tebigaty söýmekdir. Tebigaty söýmek bolsa, ata Watany söýmekdir-diýdi. Men kakam bilen ylalaşýan şekilde baş atdym.

 

Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

TENNIS RAKETKASY

Indiki makala

EKOLOGIÝA WE ÝAŞLAR

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI