Döwletli tutumlara goşulyşyp, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşup, asylly işleri bitirýän ýaşlary göreniňde, geljegimiziň geljeginiň berk binýatlydygyna bolan ynamyň has-da artýar.
Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy, onuň ümmülmez giňişliklerini gorap saklamak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda indi her ýylda ählihalk ýowaryny geçirmek asylly däbe öwrülýär. Munuň özi, ekologiýa durnuklylygyny we abadançylygyny gazanmakda asylly goşantdyr. Ýaşlar hem öz gezeginde, şeýle asylly maksatlara mynasyp goşandyny goşup, agzybirlikde we uly ruhubelentlikde işjeň gatnaşýarlar. Geljekde ol baglar ösüp, boý alyp, ajaýyp bir gözelligi we iň esasysy tebigatymyzyň howa sazlaşygynyň arassa ulgamyny döretmekde berk esas bolar.
Bu bolsa, döwletimiziň alyp barýan halk bähbitli, il ähmiýetli syýasatynyň jemgyýetimizde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyz, Gahryman Arkadagymyz ekologiýany goramak we aýawly çemeleşmek babatynda ýaşlar üçin görelde mekdebidir.
Ekologiýany goramak ugrunda bimöçber uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli başlangyçlary rowaç bolsun!
Mähri TOÝMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.