FLEÝTA SAZ GURALY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, biziň milli medeniýetimiz we sungatymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda uly ösüşleri başdan geçirýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň baş halypasy bolan Gahryman Arkadagymyz ähli işlerde bize görelde mekdebi bolup durýar.

     Eziz Arkadagymyzyň kalbyndan syzylyp çykýan çuň manyly goşgulary okanyňda, on iki süňňüňi bogun-bogun yzarlap, ýürekleri heýjana salýan sazlaryny, kalbyňy joşduryp seni üýtgeşik bir dünýä seýrana äkidýän ajaýyp aýdymlaryny diňläniňde, seriňi üýtgeşik bir duýgy gaplap alýar. Täze bir hyjuw bilen işläsiň, döredesiň gelýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet işgärleri barada edýän aladalarynyň sanasaň sogaby bar. Gurlup ulanylmaga berilýän ak mermere beslenen medeni maksatly binalar, medeniýet öýleri, çagalar sungat, sazçylyk we çeperçilik mekdepleri bu günki günde doly güýjünde halkymyza hyzmat edýär. Bu zatlaryň ählisi biziň geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly aýdymçy ýaşlary, sazandalary, medeniýet ulgamynyň dürli ugurlaryndan baş çykarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen edilýän aladalaryň aýdyň güwäsidir.

     Türkmen halkynyň aýdym-saz, bagşyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Şonuň üçin-de, halkymyzyň hiç wagt könelmejek şirin mukamlary, bagşy-sazandalary, saz gurallary sanardan köpdür. Şolaryň biri hem fleýta saz guralydyr.

     Fleýta saz guraly dünýäde giň meşhurlyga eýe bolup, ol dünýä halklarynyň köpüsiniň saz sungatyny bezeýär.

     Fleýta saz guraly üflenip çalynýan ýönekeý agaç saz gurallary maşgalasyna degişlidir. Fleýta ХVII asyra çenli bitewi agaçdan kesilip ýasalypdyr. ХVII asyrda bolsa klapanly fleýta peýda bolupdyr. Ony çalmak aňsat bolupdyr. Ähli diapazonlarda aňsatlyk bilen intonasiýa arassalygyny almak mümkinçiligi döräpdir.

     Fleýta saz guraly gargy tüýdigiň kämilleşdirilen görnüşidir. Gargy tüýdükden tapawutly tarapy fleýtanyň sökülip düzülýän birnäçe böleklerden ybarat bolmagy, şeýle hem tehniki tarapdan giň mümkinçilikler açýan klapanlaryň barlygydyr.

     Her bir saz guralynyň özboluşly aýratynlygynyň bolşy ýaly, fleýtada saz çalmagyň, oňa erk etmegiň-de özüne ýetik kynçylyklary, aýratynlyklary bar. Gurluş bölekleri, elde saklanyşy, owaz alnyşy fleýtany beýleki saz gurallardan belli bir derejede tapawutlandyrýar.

     Biziň ata Watanymyz Türkmenistanda hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde fleýta saz guralyna aýratyn üns berlip başlandy. Bu saz guraly ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde ýokary derejede okadylýar we öwrenilýär.

     Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda hem fleýta saz guralyny öwrenmäge höwes edýänler gün-günden köpelýär.

     Biz medeniýet işgärleri, geljekde hem medeniýetimizi we sungatymyzy has-da uly ösüşlere alyp gitjek ýaş zehinleri terbiýeläp ýetişdirmekde ukyp-başarnygymyzy, zehinimizi gaýgyrman zähmet çekeris.

     Medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýikden-beýik tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklardan-rowaçlyklara beslensin !

 

Merdan GURBANOW,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag

şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň fleýta mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

EKOLOGIÝA WE ÝAŞLAR

Indiki makala

ÜTÜGIŇ TARYHYNDAN

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI