Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesiller hakynda alada döwletimiziň ileri tutulýan wezipesidir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabyndaky «Häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli ulanmak, jemgyýetiň aň-düşünjesini has-da ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir» diýen pähimli sözlerinden hem görmek bolýar. Biziň Watanymyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk gelýän okuw merkezlerinde bilim almagy, ylmy döredijilige aralaşmagy, ýurdumyza, halkymyza, pederlerimiziň ýörelgelerine wepaly, terbiýeli, sagdyn pikirli, ýokary hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipeler dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli bilim ulgamynyň mundan beýläkde ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çeşmeleri bilen utgaşyklykda maglumat kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Bu özgertmeleriň esasy maksady bolsa biziň döwletimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmakdan halkymyzy intellektual taýdan kämilleşmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Leýli ÇARYGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.