ARKADAG ŞÄHERI — RÖWŞEN GELJEGIŇ ŞÄHERI

     Arkadag şäheri — bagtyň şäheri. Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär» diýip nygtaýşy ýaly, sanlyja ýylyň içinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri kemala geldi. Bu ajaýyp şäher barada söhbet açýan täze kitap giň okyjylar köpçüligine sowgat edildi. «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitap Arkadag şäheriniň gözel binalary, Zemine zynat berýän ajap ymaratlary barada söz açýar. Onda tebigatyň ajaýyp künjeginde kemala gelen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin maglumatlara orun berilýär. «Akylly» şäheriň binalarynyň özboluşly aýratynlyklary, gündizki we gijeki gözel görnüşleriniň fotosuratlar bilen berilmegi kitabyň täsirliligini has-da artdyrýar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edilen kitabyň üç dilde taýýarlanmagy türkmen hem daşary ýurtly okyjylar üçin uly sowgat bolup, ol Arkadag şäherine gaýybana syýahata alyp gidýär. Kitap «Gadymy toprakda dörän gudrat», «Gurýan döwlet — gurply döwlet», «Arkadag şäheri — döwlet ähmiýetli şäher», «Arkadagda «akylly» şäher konsepsiýasy», «Akylly» şäheriň «akylly» ulaglary», «Akylly» öý hyzmatlary», «Ekologiýa abadançylygy ugrunda», «Ýaşyl» tehnologiýalar — «ýaşyl» ykdysadyýet», «Tenekar topragyň şirin nygmaty», «Belent hormatyň nyşany», «Ösüşinde bedewleriň bady bar», «Ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri», «Gözelligiň şäheri», «Dowamata dowam şäher», «Goý, halkymyz eşretli durmuşda ýaşasyn!» atly bölümlerden ybarat bolup, olarda bu ajaýyp şäheriň özboluşly aýratynlyklary çeper beýan edilýär. Kitapda Arkadag şäheriniň waspy, türkmeniň göterilen ykbaly barada söz açylyp, şäheriň her bir binasynyň täzeçilligi, milliligi, döwrebaplygy sazlaşykly beýan edilýär. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň öňüsyrasynda il-güne sowgat edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitap sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň özboluşly waspy bolup, türkmeniň abraý-mertebesini dünýä äşgär etmekde uly gollanmadyr.

 

Sähragül IŞANOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI