Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar Watanymyzyň, bagtyýar döwrümiziň nurana geljegi hasaplanýan ýaş nesliň kämil bilimleri ele almaklaryny gazanmak, ösen aň-düşünjeli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda başyny başlan giň gerimli başlangyçlary bu gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Çünki bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny gazanmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň bir bölegini düzýär. Ýylyň ýylyna ýurdumyzda bagtyýar körpelere giňden gujak açýan ak mekdepleriň, döwrebap bilim ojaklarynyň sanynyň yzygiderli artmagy, olara döwrüň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy döwletimizde kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegi ugrunda aýratyn tagallalaryň edilýändiginiň nyşanydyr. Ynha, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýen beýik we buýsançly şygar astynda geçýän üstümizdäki ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ýerinde giň gerim alan Bilimler we talyp ýaşlar gününde biziň Lebap welaýatymyzda hem täze bilim ojaklarynyň birnäçesiniň döwrebap binalarynyň gurlup bagtyýar ýaşlaryň ygtyýaryna berilmegi şanly wakalaryň dabarasyny artdyrdy.
Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň etraplarynda altyn güýzüň ilkinji gününde umumybilim berýän orta mekdepleriň 8 sanysy we ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap çagalar bagynyň binalary bagtyýar ýaşlara giňden gujak açdy. Ýagny, Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki 500 orunlyk 45-nji orta mekdebiň, Çärjew etrabynyň Zergär geňeşligindäki 600 orunlyk 63-nji orta mekdebiň we Farap şäherindäki 960 orunlyk 64-nji orta mekdebiň, Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki 600 orunlyk 62-nji orta mekdebiň, Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Akýap obasyndaky 500 orunlyk 31-nji orta mekdebiň, Köýtendag şäherindäki 790 orunlyk 59-njy orta mekdebiň, etrabynyň Megejik geňeşligindäki 790 orunlyk 60-njy orta mekdebiň we Burguçy geňeşligindäki 210 orunlyk 61-nji orta mekdepleriň täze binalary döwrümize şan, ýylymyza joşgun döreden wakalar boldy. Mekdepleriň ählisiniň hem giň ýagty otaglarynyň iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny nygtamak ýakymly. Şonuň ýaly-da täze bilim edaralarynyň ak binalarynda okuw otaglary bilen birlikde ýöriteleşdirilen otaglaryň, göwnejaý abzallaşdyrylan zähmet we aýdym-saz otaglarynyň, sport zallarynyň we sport meýdançalarynyň, mejlisler zalynyň naharhanalaryň bolmagy ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny artdyrmak ugrunda göz öňünde tutulan mümkinçilikleriň bir bölegidir. Mekdeplerde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek üçin ýörite lingafon otaglary hem bagtyýar ýaşlaryň dil baýlygyny ösdürmek üçin niýetlenendir.
Mekdepleriň açylyş dabaralary şatlykly pursatlara, ýakymly wakalara baý boldy. Kalplara bagtyýar döwrümize, eziz Watanymyza buýsançdan doly şadyýan körpe nesiller täze mekdepleriň açylyş dabaralarynda öz ýürek buýsançlary, ruhubelentlige beslenen aýdym-sazlary bilen ilkinji okuw gününiň şatlyk-şowhunyny has hem artdyrdylar. Şirin owazly mukamlarda, joşgunly tanslarda bagtyýar döwrümiziň waspy belentden ýaňlandy. Dabarada çykyş eden welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary ýaş nesliň bagtyýar şu güni we röwşen geljegi ugrunda yzygiderli aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Merjen KADYROWA,
Lebap welaýatynyň «Türkmen gündogary»
gazetiniň uly habarçysy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher
Geňeşiniň işjeň agzasy.