Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda amala aşyrylýan giň möçberli işleri her ädimde görmek mümkin. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirilmegiň, şeýle hem döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasan-da ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Ýaşlaryň başarnygyny, döredijilik kuwwatyny milletiň, tutuş adamzadyň bähbidini goramak, dünýäniň parahatçylygyny we gülläp ösüşini üpjün etmek üçin ulanmak bolsa döwlet syýasatymyzyň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň Ýer ýüzüniň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa tutuş dünýäde durnukly ykdysady ösüşi gazanmakdan hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagyny, döredijilik we sport bilen meşgullanmagyny, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagyny gazanmak üçin ähli şertleri döretmek, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek, ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen düýpli başlangyçlar ýola goýuldy. Ýurdumyzyň diňe merkezlerinde däl-de, eýsem, etraplarda we iň çetki obalarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport mekdepleriniň, saglyk öýleriniň, medeniýet öýleriniň döwrebap binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bu ugurdaky işleriň bir bölegini düzýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gurulýan döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli nesiller bolup ýetişmeklerine doly mümkinçilikler berýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, öndürijilikli zähmet çekmek üçin zerur şertler döredilen döwrebap edara-kärhanalaryň binalary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli gurulýar. Şol sanda ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, olary täzeçe başlangyçlara ruhlandyrmak maksady bilen täze iş orunlaryny döretmek meselesine has içgin seredilýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji okuw gününde biziň etrabymyzyň Seýdi şäherinde hem 500 orunlyk innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan orta mekdebiň täze binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýaşaýjylarymyzyň bagtyýar döwrümize bolan buýsanjyny has hem artdyrdy. Iki gatdan ybarat bolan täze mekdepde synp otaglaryndan başga-da ýaşlarymyzyň himiýa, biologiýa, fizika derslerinden tejribe geçirmekde ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin laboratoriýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýörite otaglar, okuwçylarda zähmete söýgi döretmek hem-de hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen aşpezçilik, tikinçilik we demir-agaç ussaçylyk otaglary, ýaşlarda sporta söýgi döretmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini eýermek, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri üçin uly kiçi sport zallarynyň we açyk meýdanda sport meýdançasy, ýene-de ýaşlaryň aýdym-saza, sungata bolan höwesini artdyrmak üçin saz gurallary enjamlaşdyrlan aýdym-saz otagy, mejlisler zaly ornaşdyrylan. Ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni täze okuw ýylyň ilkinji jaň dabaralarynda bu kaşaň binanyň ulanylmaga berilmegi mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesiniň toý şatlygy goşalandyrdy.
Berkarar döwleti bina edip, ýaşlary ýagty ertirlere ynam bilen alyp barýan, «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip, ýurduň bedew batly ösüşlerinde ýaşlara uly bil baglaýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jemal BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.