Ýeňmek üçin güýç gerekmi? Eýsem, güýç ulanmazdan ýeňmeklik mümkinmi? Psihologlar, eger-de tötänlikden garşydaşa duş geläýseňiz, ruhdan düşmezligi maslahat berýärler. Gorkyny ýeňmegiň ygtybarly usuly ynamdyr. Siz ýeňjegiňize ynanyň we bir gezek uludan dem alyňda, “Men hökman ýeňerin”, “Men başararyn” sözlerini belent ruhda gaýtalaň. Bu sizi ýeňmäge ruhlandyrar. Garşydaşyňyz bilen tutluşyk mahalynda kän jedele girmäň, jedel siziň ünsüňizi böler. Üns pikirleriňizi galyba salyp, hereket etmäge ýardam berýär. Ynam — ýeňmekligiň ygtybarly usuly bolsa, üns şol ýeňşe sizi iterýän güýçdir. Men bu ýerde size güýji ulanmazdan ýeňmegiň däl-de, güýji has-da ýeňillik bilen, çalt we tiz garşydaşa zarba bermekligiň usullaryny ýatlatmak isleýärin.
Kämil bolmak üçin ilki bilen, öz erkli bolmalydyr. Çünki sen ilki öz-özüňi ýeňmeli, erk terezisinde özüňe agram bermeli. Wagtly-wagtynda gündelik maşklary ýerine ýetirmek, naharlanmak, arassa howadan dem almak, saýlap alan sportuň bir görnüşi bilen meşgullanmak ýaly işleri adaty endige öwürmeli. Şeýle-de, ýuwaş-ýuwaşdan gündelik fiziki hem-de ruhy maşklar bilen bedeniňi berkidip, ruhuňy kämilleşdirmeli.
Her gün adaty endigine eýerip, sport mekdeplerine gatnaýan türgeniň endiklerindäki psihologik taraplaryna ünsüňizi çekmek isleýärin. Türgeniň durmuşynda täze, özi üçin görülmedik dünýä açylýar. Her bir adamyň psihiki häsiýetinde bolşy ýaly, türgen hem öz başarnygyny görkezip, mynasyp baha berdirmek isleýär. Şeýle häsiýet ony sportuň başlangyç ýollarynyň kynçylyklaryny ýeňip geçmäge kömek edýär. Deň-duşlaryndan mylakatly aragatnaşygy, zähmetsöýerligi, çakganlyk-çalasynlygy, her bir meselede adalatly çözgüt çykarmaga ukyplylygy bilen saýlanmagy başarýar. Türgene şeýle ukyp-başarnyga ýetmekde dürli häsiýetdäki deň-duşlary we okuwdan daşary meşgullanýan sport kynçylyklary ýiti täsir edýär.
Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleri, ýaş türgenleri has-da höweslendirýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ulgamynda uly sepgitlere sary alyp barýan irginsiz işler ýaşlaryň sporta bolan höwesine höwes goşýar. Giň gerimde bütin ýurdumyzy gurşap alýan sport indi ähli raýatlarymyzyň meşgul bolýan asylly endigine öwrülýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, mynasyp ýörelgelere üstünlikli eýerýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar.
Türkmen sportunyň üstünliklere beslenýän at-owazasy mundan beýläk-de has-da dabaralansyn! Ýaş türgenlere bolsa ähli ýaryşlarda üstünlikler hemra bolsun!
Gurbanmyrat GURBANOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.