Watanymyzyň Garaşsyzlygy halkymyzyň taryhynda we durmuşynda iň bir möhüm sene, taryhy wakadyr. Garaşsyzlyk döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagy, dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy üçin berk binýady döredip, 32 ýyllyk gysga taryhy ýolda ýetilen belent menziller, gazanylan üstünlikler halkymyzyň we hormatly Prezidentimiziň agzybirlik bilen özygtyýarlylyk, durnuklylyk we abadançylyk ýaly gymmatlyklaryň daşynda jemlenmegi netijesinde mümkin boldy. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklary güýçli depginler bilen ösýär. Yklymda «Mawy ýangyjyň» ägirt uly goruna, ýagny dünýäniň uglewodorod çig mal serişdeleriniň ähli ätiýaçlyk gorunyň dörtden bir bölegine, şeýle hem uly möçberdäki mineral serişdelere, ösen elektroenergiýa senagatyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan olary diňe bir özi üçin däl, eýsem tutuş adamzat üçin hem bähbitli bolar ýaly rejeli peýdalanmaga ymtylýar. Bu bolsa biziň tebigy baýlyklarymyzy özleşdirmäge köp ýurtlaryň halkara söwda, ykdysady gyzyklanmasyna ýol açýar. «Açyk gapylar» syýasaty hemme döwletler bilen deň hukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barmaga has amatly şertleri döredýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz işeňňir hyzmatdaşlyk etmäge, hyzmatdaşlary özüne çekmek üçin amatly şertleri döredip, ösüşiň uly depgininde bedew bady bilen öňe ynamly barýar. Bu gün türkmen halky Garaşsyzlygyň ajaýyp miweleriniň hözirini görüp, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýar, ajaýyp geljegini gurup, Watana bolan beýik söýgüsi bilen Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda geljekki ösüşiň belentliklerine giň ýol açýar. Ýaşlaryň bagtly durmuşda ýaşamaklary üçin, uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.