Bu günki gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilik hyjuwynyň esasy binýady hökmünde garalýar. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem döwletimiz tarapyndan ýaşlara uly ynam bildirilýändigini, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini tassyklaýar.
Ýylyň başynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýaş raýatlaryň öňünde duran belent maksatlara ýetmäge ugrukdyrmakda özboluşly badalga boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu Gurultaýa gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna iberen Gutlagynda: «...Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir» diýip nygtamagy, ýaş nesilleriň edep-terbiýeli bolup ýetişmekleriniň ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar.
Häzirki wagtda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenen.
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň tassyklanylmagy bilen bu ugurdaky işleriň täze tapgyry başlady. Kanunda ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de ýaş raýatlaryň hukuklaryny, borçlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutuldy. Kanuna laýyklykda, ýagny, eger telekeçiler tarapyndan döredilen kärhananyň işgärlerini ýaşlaryň 75 göterimi emele getirse, ony «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyrmak kesgitlenildi hem-de şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak üçin hukuk mümkinçilikleri döredildi. Şeýle hem, bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemeginiň tertibi kesgitlenen. Bulardan başga-da, ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek mümkinçiliginiň göz öňünde tutulan. Munuň özi, Kanunyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup, ýaşlaryň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň bitewi ulgamynyň hukuk kepillikleriniň döredilýändigini görkezýär.
Umuman hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasaty ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyryp bilmekleri üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Maksat MYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy.