ÝAŞLAR SPORT ULGAMYNDA

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, kämil, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Çünki sagdyn ýaşlar geljegiň berk binýadydyr.

     Ýaşlar ähli sport ýaryşlaryna işeňňir gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Munda milli çempionatlaryň, uniwersiadalaryň we spartakiadalaryň ähmiýeti uludyr. Eýýämden türgenlerimiziň dünýä ýurtlarynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, Watanymyza baýrakly dolanmaklary «tüweleme» diýdirýär. Olaryň yhlasy we watançylyk söýgüsi bilen gazanylan ýeňşi alamatlandyrýan türkmen tugy belentde pasyrdaýar.

     Sportuň köp sanly görnüşlerinden baş çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýänleriň sany bu günki gün has-da artýar. Indi ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysynyň durmuşynda sport asylly endige öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň baş maksady berk bedenli, gujur-gaýratly, tutanýerli, sagdyn pikirlenýän nesilli kämil jemgyýeti kemala getirmekdir. Bu işleriň amala aşmagynda sporta möhüm orun degişlidir.

     Ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer maksatlaryna mydama ygrarlydyr we bu ugurda ýokary üstünlikler gazanýar. Daşary syýasatda netijeli sport ugrunyň kemala gelmegi we döwletimiziň berýän aýratyn ünsi türkmen sportunyň diplomatik ugrynyň barha ösýändigini aýdyň görkezýär. Sport döwletleriň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkidýär.

     Olimpiýa şäherçesi döwrüň belent ruhuny, okgunly ösüşini we uzak geljegini nazarlaýan iri sport toplumydyr. Sport desgalary paýtagtymyzyň binagärlik keşbine özboluşly gözellik goşýar. Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň bildirýän talaplaryna doly laýyk gelýär. Şeýle ajaýyp binalary synlanyňda bagtyýar döwrümize bolan buýsanjymyz we söýgümiz has-da artýar. Halkara derejeli sport bilermenleriniň pikrine görä, sportda iri desgalary gurmak diňe ykdysady mümkinçilikleri ýokary bolan döwletlerde mümkin. Türkmenistan halkara ýaryşlaryny kabul edýän we bu ugurda ähli mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilýär.

     Taryha nazar salsak, ýurdumyz 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä, sebit çempionatlaryny geçirmek bilen, halkara ýaryşlaryny geçirýän sport döwleti hökmünde tanalýar. Uzak möhletleýin geljek üçin sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürýän ýurt hökmünde abraýy barha artýar.

     Ýaşlary sporta giňden çekmek we olimpiýa hereketine işjeň goşulyşmagyna şert döretmek maksady bilen, tutumly çäreler giň gerimde alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary gurulýar. Barha kämilleşýän türkmen sportuny ösdürmek bilen, sport düzüminiň gerimini giňeldýär. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän bu desgalaryň ýaş nesilleriň iň bir gelim-gidimli, söýgüli ýerlerine öwrülýändigi bizi has-da buýsandyrýar. Şunlukda, sport merkezlerine gatnaýan ýaşlaryň höwesleri-de bar, ynamlary-da uly. Olar Watanymyzyň okgunly ösýän sport ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

     Türgenlerimiziň dünýä ýurtlarynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmaklary bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky bimöçber aladalarynyň ajaýyp miweleridir.

     Häzirki döwürde ýurdumyzda sport giň gerime eýe bolýar. Sportuň täze-täze görnüşlerine badalga berlip başlanýar. Bu bolsa, jogapkärçiligi has-da artdyrýar. Sportuň täze görnüşleri boýunça türgenleri we tälimçileri taýýarlamak aýratyn ünsi we täze mümkinçilikleri talap edýär. Şeýle görnüşleriň hatarynda awtosport, ralli, hokkeý, atçylyk sportunyň täze görnüşleri, golf sporty, kenarýaka woleýbol, baýdarka we kanoede küreklemek sporty, moto ýöriş aýratyn orunda durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli esasda gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalarynda, iri toplumlarda täze mümkinçiliklere giň orun berilýär.

     Bu günki gün türkmen sporty dünýä çykýar. Dünýäniň sport giňişliginde belent sepgitleriň aýdyň beýanyna öwrülen türgenlerimiziň ajaýyp ýeňişleri bilen türkmen tugy barha belentde pasyrdaýar. Ajaýyp döwri bagyş eden, Watanymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize biz — ýaşlaryň alkyşlary çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Dürsoltan JUMAŞOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň

merkezi kitaphanasynyň Nazly Gylyjow adyndaky

geňeşliginiň kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1162 okalan

ENE HÜWDÜSI

25 Noýabr 2024 | 112 okalan

ÖZ-ÖZI DOLANDYRYLÝAN AWTOBUSLARYŇ ŞÄHERI