BIR SUPRANYŇ BAŞYNDA JEMDIR DÜNÝÄ TÜRKMENLERI

     Ata-babalarymyzyň «Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar» diýişleri ýaly, diňe Watan adama «dagdan arka» bolup, «daşdan ýüregi» ýagny, belent ruhy, beýikligi bagyş edip biler. Bagtyň we bagtyýar ýaşaýşyň özeninde bolsa, ilki bilen şu häsiýetler durýan bolsa gerek! Hut şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyz «Arkasynda dag ýaly pena bolup duran Watanyň bardygyny duýýan her bir adam, nirede gezse-de, haýsy döwletde ýaşasa-da, başyny belent tutup, ruhubelent ýaşar» diýip, juda jaýdar belleýär. Hawa, bu günki gün ata Watanymyz öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi boldy. XX asyryň aýagynda goşa bagtyň eýesi bolan we bu bagty özüniň goşa ganatyna öwüren milletimiz mukaddes Garaşsyzlygyny göwün guşuna, hemişelik Bitaraplygyny bolsa, baky bagtyna deňäp, gören-eşideni haýrana goýýan belentlikleri nazarlady. Bu belent üstünlikler beýik ynsanperwer ýörelgelerine daýanyp içeri we daşary syýasaty netijeli durmuşa geçirmek hem-de döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak bilen üpjün edildi.

     Dogrudan hem, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty Türkmenistan döwletimizi ynsanperwerligiň Watany, dost-doganlygyň ýurdy hökmünde bütin dünýä äşgär edýär. Ynsanperwerlik halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Bu ajaýyp ýörelge parasatly ata-babalarymyz tarapyndan yzygiderli ösdürilip, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, biziň günlerimize ýetirildi. Häzirki döwürde bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsanperwer ýörelgeler halkymyzyň belent ahlagyny, ýokary adamzat gymmatlyklaryny dabaralandyrýar. Bu ýörelgeler ýurduň içinde agzybirligi we asudalygy, abadançylygy we parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilişi ýaly, daşary syýasatda hem goňşy döwletler, şeýle-de dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge gönükdirilendir. Muňa bolsa, gadymyýetden gözbaş alan ynsanperwer ýörelgelerimiziň hem-de şoňa esaslanýan syýasatyň üstünlikli dowam etdirilýändigine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işleri aýdyň subutnamadyr.

     Bilşimiz ýaly, häzirki günlerde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsanperwerligiň, agzybirligiň, asudalygyň we abadançylygyň mekany hökmünde at-owazasy älem jahana dolan ýurdumyzda berkararlygyň synmaz sütüni bolan Garaşsyzlygyň şanly senesi uly buýsanja beslenýär. Şeýle ajaýyp günde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bagyş eden bagtyýarlygy barada buýsançly söhbetimize soňlanma ýokdur. Bu bagt dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleri ata Watanymyzyň gül jemalyny görmek, dost-doganlary bilen didarlaşmak bagtyna eýe etdi. Has dogrusy, dünýä türkmenleriniň bir suprada jem bolandygyna hormatly Prezidentimiziň: «Dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen ajaýyp jümlesi şaýatlyk edýär. Şunuň netijesinde hem, her ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty yzygiderli geçirilýär. Bu dabaraly maslahata beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda ýaşaýan we işleýän daşary ýurtly türkmenler gatnaşýarlar we bir supranyň degresinde jem bolýarlar.

     Bir supranyň degresinde jem bolmak diýmek — haýsy ýurtda ýaşaýandygymyza garamazdan, dostlukly gatnaşmak, birek-biregi hormatlamak diýmek. Bir supranyň degresinde jem bolmak diýmek — ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarlylyk, oňa dowamat bermek diýmek. Bir söz bilen aýdanymyzda, bu günki ajaýyp zamanamyzda bir supranyň degresinde, onda-da ata Watanymyzda giňden ýazylan supranyň başynda jemdir dünýä türkmenleri!

     Şu ajaýyp pursatda bolsa, şeýle mukaddes işiň başynda hormatly Prezidentimiziň durandygyny hem-de bu Birleşigiň belent maksatly işleriniň Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan rowaçlyk tapýandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Tükmenistan döwletimizden dünýä döwletlerine, şol sanda türkmenleriň ýaşaýan ýurtlaryna tarap dostluk ýollarymyz hemişe uzasyn! Goý, bu dostlukly ýollar ynsanperwerlikden we ynanyşmakdan ugur alyp, uzak-uzak menzilleri nazarlasyn! Goý, ata Watanymyzda giňden ýazylan supranyň başynd  dünýä türkmenleri baky jem bolsun! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Şöhrat GELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

4-nji ýyl talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1143 okalan

ENE HÜWDÜSI

22 Noýabr 2024 | 2230 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY