Mälim bolşy ýaly, ösümlikler howanyň düzümine we arassalygyna örän uly täsir edýär. Agaçlar we ösümlikler howadaky kömürturşy gazy özüne sorup, howanyň kislorod bilen baýlaşmagyna getirýär. 1ga ýerde ekilen baglar 1 sagadyň dowamynda 8kg kömürturşy gazy özüne siňdirýär. Başga söz bilen aýdylanda, 50m2 eýeleýän bag agaçlary şäheriň 1 ýaşaýjysyny 1 günlik arassa howa bilen üpjün edip bilýär.
Awtoulaglaryň gün-günden köpelmeginiň netijesinde, howadaky zyýanly gazlaryň derejesi yzygiderli artýar. Ýangyjyň ýakylmagy netijesinde bölünip çykýan tüsseler adamlaryň gözleriniň görejine we dem alyş agzalaryna ýaramaz täsir edýär. Baglar belli bir derejede awtoulaglardan bölünip çykýan uglerodyň oksidiniň derejesiniň peselmegine, köçeleriň howasynyň täzelenmegine we arassalanmagyna ýardam edýär. Şäher merkezlerinde awtoulaglarynyň döredýän sesleri adamlaryň saglygyna zyýan ýetirip biler. Goh-galmagallar adamynyň nerw ulgamlarynyň gowşamagyna, gaharjaňlyga we gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirýär. Sesiň rugsat berilýän derejesi 40 desibele deňdir. Ýaprakly baglar sesiň 25%-ini özüne siňdirýär, olaryň sesi yzyna gaýtaryjylyk ukyby bolsa, 75% deňdir. Bag nahallaryny sesleriň köp çykýan ýerlerinde hatarlaýyn ekmekligi göz öňünde tutmak maksadalaýykdyr.
Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň esasy sagaldyş häsiýetleriniň biri hem olaryň fitonsit, ýagny howadaky zyýanly mikrobedenjikleri ýok etmekdir. Pürli agaçlar uçujy organiki birleşmeleri bölüp çykaryjy ukybynyň netijesinde, zyýanly mikroorganizmleri öldürmek bilen birlikde, daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna oňaýly täsir edýärler. 1ga meýdanyny eýeleýän pürli agaçlar bir günüň dowamynda 4kg fitonsit häsiýetli organiki maddalary bölüp çykarýarlar, ýaprakly baglar bolsa, 2kg çykarýarlar. Ösümlikleriň täsirinde howadaky zyýanly maddalaryň sany bir günüň dowamynda 50%-den köpräk peselýär. Meselem, tuýa agajy zyýanly maddalaryň düzümini 67% peseldýär. Ýokary fitonsidli agaçlara arça, dub, kedr görnüşleri degişlidir. Bu ösümlikler ýönekeý mikroorganizmleri 3-5 minudyň dowamynda öldürmek ukyby bilen tapawutlanýarlar. Dub, tiss, serwi we görnüşleri 6-15, beýi, lawr, hoz, kerkaw, derek, albisiýa görnüşleri bolsa, 15-30 minudyň dowamynda öldürýär. Şonuň üçin hem şäher bezeg bagçylygynda ulanylmaly agaç ösümlikleri saýlananda olaryň fitonsit häsiýetlerini göz öňünde tutulmalydyr.
Ösümlikler özleriniň dürli görnüşleri, reňkleri we ýaşaýyş şekilleri bilen tapawutlanýarlar. Ösümliklerde köp ugurly bezeg häsiýetleriniň bolmagy, seýilgähleriň, tokaý zolaklaryň gaýtalanmajak arhitektura keşbini döretmekde uly mümkinçilikleri döredýär. Bezeg ösümlikleriniň suw çüwdürimleri bilen sazlaşykly ekilmegi, şäher arhitekturasynyň has gözelleşmegine getirýär. Bu gözellik adama örän oňat täsirini ýetirýär, ruhy lezzet berýär, nerw ulgamlaryny köşeşdirýär.
Enegül TAŇYRBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.