Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlykçylyk mukamydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanasynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanadan, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýan Garaşsyzlygyň nurana ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabardyr. Garaşsyzlygyň halkymyza eçilen aýratyn serpaýlarynyň biri hem türkmen taryhynyň we medeniýetiniň täzeden janlanmasy boldy. Çünki 1991-nji ýyldan bäri taryh boýunça geçilen ýola ser salyp görseň, edilen işlere göz aýlasaň, türkmeniň taryhynyň diýseň şöhratly-şanly, Watanyň, halkyň bähbidini nazarlaýan buýsançly wakalardan doludygyny görýärsiň. Hawa, biz ony Garaşsyzlygyň ýurda, ýurduň halkyna eçilen miwelerinde gördük. Bu gün döwrümiz şeýle bir özgerdi, halkymyza şeýle bir ajaýyp döwran dolandy, bize diňe geçilen şanly ýollara guwanyp, Garaşsyzlygyň eçilen eşretlerini duýup ýaşamak galýar.
Garaşsyzlyk! Sen biziň ilimize egsilmez bagt bolup geldiň, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyň! Güýjümize güýç goşduň, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduň! Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda garran arzuw-umytlaryna ýetdi. Gülleýän, gül açýan gözel Diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga — mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýakymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny peşgeş beren Garaşsyzlyk bizi nurly ertirlere, nurana geljege sary alyp barýar. Garaşsyzlyk bu — biziň baş baýramymyz, naýbaşy senämiz. Biz oňa buýsanç bilen «mukaddes Garaşsyzlygymyz» diýýäris. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr.
Garaşsyzlyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär.
Goý, Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Goý, ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlaryň, eýýamlaryň jümmüşine ýaň salsyn!
Nadira RAHMEDOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.