Aşgabat şäheriniň çäklerinde möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi, paýtagtymyzda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hormatly Hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Täze ýörelgeler esasynda ýerine ýetirilýän başlangyçlar netijesinde, paýtagtymyz sazlaşykly ösýär. Şeýle hem ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Her ýylda paýtagtymyzda täze özboluşly binalary we desgalary özünde jemleýän ajaýyp binagärlik toplumlary peýda bolýar. Şolar ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň okgunly ösüşini has aýdyňlygy bilen görkezýär. Aşgabat şäherimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş şähergurluşyk maksatnamasy hem innowasiýa çemeleşmeleriň esasynda, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de işläp düzmeleri, iň gowy dünýä tejribesini ulanmak arkaly öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylýar. Parasatly pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz halk hojalygynyň ähli ugurlarynda bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat sanlyja ýyllaryň içinde dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat gysga wagtyň içinde Aziýa yklymynyň merjen şäheri diýen ada eýe boldy. Gözel paýtagtymyzyň mermer binalarynyň, giň şaýollarynyň, döwrebap seýilgähleriniň gözelligi görenleri haýrana goýýar. Jennet mekanymyz Aşgabat baýramçylyk günlerinde has-da ajaýyp keşbe eýe bolýar. Mähriban halkymyz ýene-de sanlyja günlerden özüniň baş baýramyny Garaşsyzlyk gününi giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Bu ajaýyp sene mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralary we beýleki syýasy ähmiýetli çäreler guralar. Paýtagtymyzda ýerleşýän ajaýyp medeni dynç alyş merkezlerinde, binalarda bolsa her bir baýramçylyk çärelerimizi ýokary derejede geçirmäge ähli mümkinçilikler döredilendir. Halkymyz üçin mukaddes bolan bu baýramçylygy ýylyň ilkinji günlerinden başlap bagtyýar raýatlarymyzyň toýlap, zähmet üstünliklerine besläp gelýändigi hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Goý, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Enejan DOLAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň
esasy hünärmeni.