Häzirki wagtda ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk çärä giň gerim berilýär. 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli dowam edýän bu çäräniň çäklerinde ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda meýilnamalaýyn maslahatlar guralýar, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Munuň özi, ýol hereketiniň kadalarynyň doly we dogry berjaý edilmeginde örän uly ähmiýete eýedir. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri bolup ýol hereketiniň düzgünleri boýunça wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalaryň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan okuwçylardyr talyp ýaşlaryň hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda yzygiderli düşündiriş işlerini geçirýäris.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän aýna ýaly giň awtoýollaryň, köprüleriň, pyýadalar üçin ýerasty we ýollaryň üstündäki ýörite geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi ulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyna garamazdan ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda oňyn şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem oňa gatnaşýan her bir adamyň borjy bolup durýar.
Pursatdan peýdalanyp halkymyzy ýagty hem-de eşretli ertirlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik,ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. Il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işleri rowaçlyklara beslensin.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.