Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ählitaraplaýyn kämil bolup ýetişmekleri baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» türkmen halky ýurdumyzda bellenilýän her bir senäniň dabarasyny uludan tutýar. Bagtyýarlyga beslenýän ajaýyp günlerimizde ýaşlaryň kämil bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýaş nesillerimiziň röwşen geljeginiň hatyrasyna bitirilýän beýik işleri durmuşymyzyň her ädiminde görýäris. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler ýaşlar üçin bagtyýarlyk çeşmesidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk aladalary bilen bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle döwletli özgertmeler bagtyýar ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, ýüreklerinde beslän hünärleriniň eýesi bolmaklaryna itergi berýär.
Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar.
Şeýle hem 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Maslahatlar köşgünde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Ýaşulular agzybirligimizi pugtalandyrmakda, milli bitewiligimizi berkitmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde ýakyn maslahatçylardyr. Eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, ösüş ýollaryna garaýyşlarynyň bitewiligini berkidýän esasy syýasy-jemgyýetçilik güýç hökmünde ornuny pugtalandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Ähli toýdyr baýramlar ýurt möçberinde giň gerimde bellenilip geçilýär. Ynha, bu günler bolsa, Ata Watanymyzda baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk baýramy uly şatlyk şowhun bilen bellenilýär.
Garaşsyzlyk! Bu sözde çuň many, köňüllere şatlyk paýlaýan ajaýyp duýgy, çäksiz guwanç, buýsanç bar. Garaşsyzlyk halkyň bitewi millet bolup erkana ýaşamagynyň, özbaşdak döwletli bolup, ýerine-ýurduna, bereketli topragyna eýe bolmagynyň baş şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. 1991-nji ýylyň altyn güýzi türkmen halkyna ajaýyplygy — gymmatyny hiç zat bilen ölçäp-deňeşdirip bolmajak mukaddesligi peşgeş berdi. Türkmenistanyň Garaşsyz ýurt hökmünde bütin dünýäde ykrar edildi. Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy eden arzuwy hasyl boldy. Garaşsyzlyk milletiň ykbalyna, oba-şäherlere döwrebaplyk öwüşginini, gözellik nuruny çaýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň çärýek asyrlyk şanly menzilinde jemgyýetimiziň syýasy, medeni we ykdysady durmuşy baýlaşdy. Ösüşlere badalga bolýan her bir pursatda Garaşsyzlygymyzyň miwesi datlydyr. Garaşsyzlygyň gymmatly serpaýlary — munuň özi döwletimizde döredilen ýaşaýyş-durmuş amatlyklarydyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysady we medeni taýdan dünýäniň has çalt depginler bilen ösýän we galkynýan ýurtlarynyň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär, ata Watanymyzyň günsaýyn artýan halkara abraýyna syýasatda, ykdysadyýetde, medeni durmuşda gazanylýan bimöçber üstünliklerine guwanýarys. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň-
diýen setirleri häzirki bagtyýar döwrümizde özüniň hakyky beýanyny tapdy.
Halkymyz indi 32 ýyl bäri özüniň bu beýik bagtyna buýsanyp, ynamly öňe barýar.
32 ýyl bäri bir supranyň başyna jem bolup, özüniň baş baýramyny — Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar. Çünki Garaşsyz Watanymyzyň häzirki döwürde dünýäde parahatçylyk ýörediji döwlet hem-de dünýä jemgyýetçiligi bilen açyklyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň giňemegine badalga berýän ýurt hökmünde ady älem içre ýaýylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyz döwletimiziň, Hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän aladalaryny bütin aňlary, kalplary, gündelik durmuşlary bilen diňe bir duýup däl, eýsem, şol aladalaryň netijesinde durmuşa geçirilýän özgertmelere bütin durklary bilen uýup hem buýsanyp ýaşaýarlar. Ýaňy dil biten çagajykdan başlap, köpi gören gojalara çenli Arkadag Serdarymyzyň mübärek adyny dillerinde sena eýleýärler!
Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň eşretli geljegi ugrunda hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek biz – ýaşlaryň mukaddes borjumyzdyr. Goý, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun.
Oguljeren ÇENDIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.