Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň toýlanylýan günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty bize hem nesip etdi. Döredijilik intelligensiýasynyň zehinli wekilleriniň içinde maňa-da bu abraýly baýraga eýe bolmak ykbalymda ýatdan çykmajak wakalary, arzyly pursatlary bagyş etdi. Çünki bu abraýly bäsleşik ýylyň ýylyna täze zehinleriň ýüze çykmagynda we kämil eserleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bu waka mynasybetli iberen Gutlagynda hem «Milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmekde, täze eserler bilen baýlaşdyrmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine aýratyn ähmiýet berýäris» diýlip bellenilýär. Munuň özi bu bäsleşigiň ýaş dörediji, kalby ylhamly ýaşlar üçin hem iňňän uly täsiri bardyr.
Döredijilikli zähmet çekmek, ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, belent sepgitlerini wasp etmek bilen şeýle Şa serpaýyna eýe bolmak bizi mundan beýläk hem yhlasly işlemäge, döretmäge ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkyň halkyň kalbyna deňeýän medeniýetini ösdürmäge şahsy goşantlarymyzy goşmak ugrunda has netijeli zähmet çekmäge borçlandyrýar.
Ýyllarymyzyň bagtyýarlygy, döwrümiziň täze Galkynyşy milli sungatymyzyň hem ykbalynda täze sahypalary açdy. Ýaşlaryň işlemegi, döretmegi, eziz Diýarymyzyň at-abraýyny belende götermegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler bolsa biziň buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bize şeýle uly ynam bildirip, alyp barýan işimize ýokary baha berýändigi, ýaşlary goldaýandygy we türkmen sungatyny täze belentliklere göterýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Gahryman Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Mundan beýläk hem milli ekran sungatymyzyň üsti bilen Garaşsyz ýurdumyzy wasp etjekdigimize, yhlas-başarnygymyz bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine döredijilikli goşantlarymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.
Kemal Annaýew,
«Türkmen Owazy» teleradioýaýlymynyň
gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy,
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»
atly bäsleşiginiň ýeňijisi, TMÝG-niň işjeň agzasy.