Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar we olaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Çünki ýaşlar bagtly geljegiň ýagty umytlary bolup durýarlar. Ýaşlar sagdynlygy, ruhubelentligi, kämil bilimi özlerine hemra edinip, ýurduň ösüşine goşant goşýarlar. Ýaşlar hakynda olaryň ylymly we bilimli, sagdyn, giň gözýetimli, dogry pikirlenip bilýän, halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini we umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyrmaga ukyply bolan nesli kemala getirmek baradaky taýsyz tagallalary biz ýaşlary çäksiz buýsandyrýar hem-de uly maksatlara ruhlandyrýar.
Bagtyýar geljegimiziň özenini düzýän ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda halkyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaş raýatlaryň ruhy-ahlak medeni-aň-bilim, beden taýdan ösüşine ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş, ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Elbetde yhlas bilen durmuşa geçirilýän oňyn işler özüniň miwesini berýär. «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýlişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz meniň hem çeken ujypsyzja zähmetime uly baha berdi, özüniň şa serpaýy bilen — «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglady, meniň begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Men hem öz gezegimde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamyndan ugur alyp ak ýürekden zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMGÝ-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.