Mukaddes ata Watan, ene toprak türkmen halkynyň köňül köşgüniň ruhy sütünidir. Döwlet Garaşsyzlygymyz bolsa başymyzyň tylla täjidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Şeýle ajaýyp günlerimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna barýarys.
Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip bellemegi, halkymyzda buýsanç duýgulary döredýär.
Garaşsyzlyk türkmen halkyna uly bagt getirdi. Döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterdi. Garaşsyzlyk — halkyň çüwen nurana bagtydyr, arşa göterilen ykbalydyr, milletiň millet hökmündäki belent ykrarnamasydyr, ähli üstünliklerimiziň özenidir.
Oguz han atamyzyň wesýetlerine eýerip, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ugur alyp, şol bitewülik, agzybirlik bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda uly zähmet üstünliklerini gazanýan, seneleri şanly wakalara beslenýän merdana halkymyz bagtly- bagtyýar geljege tarap ynamly gadam urýar. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk — dünýä meşhur, görnükli, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýip arzuw eden ajaýyp zamanasydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna, milli-medeniýetine, halkyň taryhy we medeni mirasyna hormat goýýan, döwrebap we dünýä derejesindäki ylmy-bilimli, giň düşünjeli, watançy we başarnykly ýaş nesil kemala geldi. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär.
Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasy bolsa, döwlet Garaşsyzlygymyzyň mizemezliginiň sütüni bolup, ildeşlerimiziň we ýurdumyza gelýän myhmanlaryň kalbynda ýakymly täsir galdyrýar.
Goý, halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.