Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda 22-nji sentýabrda Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Täze ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasynda guralan aýdym-sazly çykyşlary, milli tagamlaryň taýýarlanylmagy, toý däp-dessurlarynyň ýerine ýetirilmegi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Belent ruha beslenen aýdymlarda we tanslarda, ajaýyp çykyşlarda mähriban Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten derejesiniň, hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän asylly işleriniň waspy ýetirildi. Munuň özi halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly wakalaryň taryhy pursatlara beslenýändiginiň, ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylykly geçirilýändiginiň beýany boldy. Durmuş maksatly täze desga häzirki zaman talaplaryna doly laýyklykda bina edilip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy. Jaý toýlaryny toýlaýanlaryň öýlerinde ýaşamak üçin ähli şertler döredilip, degişli düzümler, şol sanda çagalar üçin oýun meýdançalary göz öňünde tutulypdyr. Bu ýaşaýyş toplumynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary esasynda baýramçylyk çärelerini geçirmek, myhman kabul etmek, toý tutmak, üçin zerur şertler bar. Toplumyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, gülzarlyga öwrüldi. Şeýle ajaýyp döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny açyp ulanmaga berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Ogulbibi MESKUTOWA
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.