ABADANÇYLYGYŇ GÖZBAŞY

     Ulaglaryň sanynyň artmagy ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda birnäçe meseleleri hem döredýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Her ýylyň sentýabr aýy «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Her ýylda täze şaýollardyr köprüler gurulýar, öňden bar bolan ýollary giňeltmek, abadanlaşdyrmak, ýollaryň ugrunda döwrebap yşyklandyryş sütünlerini häzirki zaman tehnologiýalary bilen ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Ýollaryň köp gatnawly ýerlerinde pyýadalar üçin ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeler gurlup ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda özüniň oňyn netijelerini berýär.

     Ýurdymyzda ýol hereketini berjaý etmek bilen ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda sürüjiler bilen bir hatarda pyýadalaryň hem borçlary bardyr. Pyýada ýolagçylar ýoluň gatnawly böleginden geçenlerinde, diňe pyýadalar üçin ýörite niýetlenen ýerlerden, şol sanda ýerasty we ýerüsti geçelgelerden, olaryň ýok ýerinde bolsa çatryklarda ýanýodalaryň ugrunyň dowamy boýunça kesip geçmelidirler.

     Bagtyýar raýatlaryň agzybirligi, asudalygy bilen birlikde, olaryň saglygy ruhubelentligi şeýle hem ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekleri babatda uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, bedew batly Watanymyzda il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

 

Senem GARAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar