Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik syýasy çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmegi hem-de bu maslahatyň çäklerinde Hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty: demokratik döwlet gurmagyň milli nusgasy» ady bilen geçirilen bu maslahaty Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasy, Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.
Hoşallyk maslahatynda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýermek arkaly türkmen milletiniň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanmak bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, agzybirligi, jebisligi berkitmekde hem-de demokratiýany ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli bu maslahatda ýaşlar syýasatyna aýratyn ähmiýet berilmegi bolsa, ýurdumyzda ýaşlar baradaky meseläniň hemişe üns merkezinde durýandygyny dünýä äşgär edýär.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde Gahryman Arkadagymyzyň teklibi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň bir agyzdan goldamagy bilen ýurdumyzy hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmäge, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaglar beýan edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.