Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-nji noýabrynda Milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli «Türkmen manady — ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň nyşany» atly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Çärä Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän maliýe-bank pudagynyň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk maslahatynda ýerine ýetirilen çykyşlarda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri, bank ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, döwrebap bank hyzmatlary, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmekde döredilýän mümkünçilikler, halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi hem-de milli ykdysadyýetimiziň ösüşini ýokary derejelere çykaran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Orazgeldi ATAHALLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň baş buhgalteri.












