ELEKTROENERGETIKA PUDAGYNY ÖSDÜRMEK — MILLI YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEGIŇ MÖHÜM ŞERTI

Şu gün Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynda baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de «Arkadagşäherenergo» önümçilik birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre «Energetika pudagy – uly ösüşlerimiziň berk binýady» diýlip atlandyryldy. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen söhbetdeşlige ady agzalan önümçilik birleşiginiň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşdylar.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösdürilmegi babatynda döredilýän mümkinçilikler dogrusyndaky buýsançly gürrüňler beýan edildi. Olarda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşinde energetika pudagy wajyp orny eýeleýär. Şundan ugur alnyp, pudagy ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly maýa goýumlaryň netijesinde, elektroenergetika senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanylýar.

Bular dogrusynda aýtmak bilen, çykyş edenler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkidip, halkara derejede ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar