Biz bu gün ata-babalarymyzyň arzuwlan bagtly zamanasynda – berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýarys, gurýarys, döredýäris. Döwletimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesiniň has-da ýokary göterilýän eýýamynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen, kuwwatly döwletleriniň hataryna çykarýan uly möçberli işler irginsiz alnyp barylýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýynyň düýpli ýokarlandyrylmagy, nebit-gaz, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk, dokma pudaklarynyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk we beýleki ulgamlaryň sazlaşykly ösdürilmegi, gurluşyk önümlerini hem-de himiki dökünlerini öndürýän iri kärhanalaryň gurluşyklary, abadan şäherlerimiziň keşpleriniň düýpli özgermegi parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň täze taryhyna şöhratly sahypalar hökmünde ýazylýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, özbaşdak bagtly durmuşda ýaşamak, berkarar döwlet gurmak baradaky umyt-arzuwlarynyň wysal bolmagydyr. 32 ýyl mundan ozal halkymyz uzak wagtlap garaşan Watan mährini syzyp, Watan mähribanlygyny duýup, Watan söýgüsine sygynyp ýaşamak bagtyna – Garaşsyzlyk bagtyna gowuşdy. 32 ýylda eziz Watanymyzda ýetilen sepgitler barada aýtsak, güneş kimin beýik geljegine ýalkym saçýan, milli buýsanjyna we mertebesine öwrülen Garaşsyzlygyna eýe bolan merdana halkymyz özüniň mizemez döwlet nyşanlaryny – Ýaşyl tugyny, Döwlet tugrasyny hem-de Döwlet senasyny döretdi. Şan-şöhrata beslenen ata-babalarymyzyň döreden hakyky, gahrymançylykly taryhyny dikeltdi, uly zähmet ýeňişleri bilen beýik maksatlaryna ýetdi. Garaşsyzlygyň 32 ýylynda Türkmenistan parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, daşary syýasatdaky aýgytly gadamlary bilen halkara giňişliginde öz mynasyp ornuny tapdy. Asyrlara barabar bu işleriň ählisiniň diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuşa geçirilmegi mähriban Watanymyzyň abraýynyň halkara derejesinde belent sepgitlere ýetendigi bilen bir hatarda, Watanyny janyndan ileri tutýan halkymyzyň döredijilikli işlemegi, gurmagy, döretmegi başarýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Berkarar Watanymyzda şanly senä beslenýän Garaşsyzlyk baýramy uludan tutulyp, dabarasy dag daşyp, toýlarymyz toýa ulaşýar. Bu baýram biziň merdana halkymyza özüni erkin duýmaga, bagtly ýaşamaga ruhy güýç berýän mukaddes baýramdyr. Bu baýram eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, berkararlygyny we milli bitewiligini şöhratlandyrýar. Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär hem-de gurýar, Garaşsyzlygyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlaryny agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde uludan tutýar. Bu senäniň aýratyn bellenip geçilmeginiň aňyrsynda hem uly many, uly mazmun ýatyr.
Pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý medeni mirasynyň, asylly däpleriniň dury akabasyna esaslanýan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülen we bu günki gün peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi bu gün özüniň datly miwelerini berýär. Bu ýörelge türkmen jemgyýetiniň täze derejelere gelmegine giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanda ähli pudaklaryň çalt we durnukly ösmegine zerur şertleri döredýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň öňünde abraýynyň artmagy bilen bilelikde, Aşgabatda halkara bilim maslahatlarynyň, sergileriniň we bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilýändigi myhmanlara gujagyny giňden açýan gözel paýtagtymyzyň halkara bilim merkezine öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň pähim-parasadyna eýerýän ýaşlarymyz dünýäniň ýaşlary bilen bir hatarda dürli ugurlar boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Özleriniň üstünlikli çykyşlary bilen, Watanymyzyň abraýyny halkara derejesinde has hem belende galdyrýarlar.
Ýetip gelen milli jebisligimiziň, agzybirligimiziň, parahatçylyk söýüjiligimiziň, ynsanperwerligimiziň ajaýyp baýramy – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitleri nazarlaýan, beýik maksatlary öňde goýýan päk kalply, merdana halkymyza durmuşda zähmet üstünliklerini, maşgala agzybirligini we her bir toý-baýramlaryny bagtyýarlykda, rowaçlykda garşylamaklaryny arzuw edýäris!
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyza parahatçylyk, jebislik, abadançylyk hem-de gülläp ösüş baky hemra bolsun! Eziz Diýarymyzyň bagtly geljegi üçin ýadawsyz alyp barýan işlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize rowaçlyklar ýar bolsun! Baýramlaryňyz baýramlara, toýlaryňyz toýlara ulaşsyn!
Hangeldi ITALMAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.