Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenýär. Ine, baýramlaryň naýbaşysy bolan Garaşsyzlyk baýramy hem ýetip geldi. Her ýyl bu ajaýyp baýrama garaşmagyň özi-de uly buýsanç. Bu günki gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly ýagdaýda, uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýär.
Garaşsyzlyk – biziň bagtymyzyň gözbaşydyr. Gündogaryň ajaýyp şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgy setirlerinde waspy ýetirilen türkmen halkynyň Garaşsyz döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy 1991-nji ýylyň tyllaýy güýzünde hasyl boldy. Bary-ýogy 32 ýylyň içinde eziz Diýarymyz tanalmaz derejede özgerdi. Bu gün türkmen halky Garaşsyzlygyň ajaýyp miweleriniň hözirini görüp, abadan durmuşda ýaşaýar. Bagtyýar geljegini gurup, Watana bolan beýik söýgüsi bilen, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, geljekki ösüşiň täze belentliklerine tarap giň ýol açýar. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi Garaşsyzlygyň bize beren peşgeşi bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet – adam üçindir!» hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Baş baýramymyz – döwletlilik toýumyz gutly bolsun! Bizi şeýle bagtyýarlyga ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulnabat KALANDAROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.