DILLERI SENALY GARRYLAR GEREK

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halkymyzyň gadymy döwürden gözbaş alýan milli däp-dessurlaryna, mukaddes ýörelgelerine uly sarpa goýlup, giň gerimde dowam etdirilýär. Her ýylyň oktýabr aýynyň başynda «Ýaşulularyň halkara güni» ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýär. Halkymyz bu senäni durmuş mekdebiniň dana mugallymlary bolan ýaşululara goýulýan mynasyp hormat-sylagyň, söýgi-sarpanyň, pähim-paýhaslylygyň baýramy hökmünde belläp geçýär. Ýaşululara hormat goýmak, olaryň sarpasyny belent tutmak gadymdan gelýän dessurdyr. Bu dessur ahlak gymmatlyklarymyzyň iň guwanarlykly berk sütünleriniň biridir. Nesilleriň bir-birine goýýan sarpasynyň, ýagny ýaş kiçi nesliň ýaşuly nesle bolan sylag hormatynyň özeninde agzybirlik, jebislik jemlenendir. Türkmen halkynyň kämil ýörelgeleriniň biride ulusyny sylamak, ýaşulysyna sala salyp, her bir işde şolaryň maslahatyna, nesihatyna eýermek däbidir. Goja paýhasy — gymmatly hazyna. Goja paýhasy — her bir öýüň tutuş ýurduň söýegi. Ýurdumyzda dabarasy uludan tutulýan toý baýramlaryň ýaraşygy-da biziň ýaşulularymyzdyr. Nesillerimize peder pendini berýän hem, toý etmegiň öý tutmagyň maslahatçysy hem biziň gojalarymyzdyr. Şeýle bolansoň olaryň orny hemişe törümizdedir. Özleriniň akyl-parasady, baý durmuş tejiribesi bilen öý-ojagyna, oba-kendine görelde bolýan, ýaş nesillere öwüt-ündew edýän ýüzi nurana ýaşulularymyz biziň durmuşymyza ýalkym saçýan şamçyrag mysalydyr. Pähim-paýhasyň ojagy hasaplanýan aksakgallar özleriniň gyzyldan gymmatly pent–nesihatlary bilen halkyň arasynda halallyk, päklik, Watana wepalylyk, agzybirlik ýaly häsiýetleri ündeýärler. Şeýdibem olar nesil terbiýesiniň barha kämilleşmegine mynasyp goşant goşup, häzirki döwürde gurýan raýat jemgyýetimiziň paýhas sütüni bolup durýar. Türkmen halkynyň ulusyny sylamak, olara sala salmak, olaryň maslahatyna eýermek ýaly asylly ýörelgesiniň, däp-dessurynyň gadymy döwürden bäri nesilme-nesil dowam etdirilip gelýändigine edebi mirasymyza, halk döredijilik eserlerine ser salanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň aksakgal ýaşulularymyza sala salyp, döwlet ähmiýetli işleri geňeşli çözmegi hem ýaşulularymyza uly hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

 

Aşyrberdi AÝDOGDYÝEW,

TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY