DÜÝE SÜÝDI JANA DERMAN

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda düýedarçylygy ösdürmek we olaryň önümliligini ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biridir. Düýe süýdi adamyň immunitetini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Düýe süýdi ýagly bolup, onda belok we süýt şekeri kändir. Ylymy maglumatlara görä, arwana düýeleriň süýdünde ortaça beloguň mukdary 3,6%-e, ýagyň mukdary 4,5%-e, süýt gandynyň mukdary 5%-e deňdir. Şeýle hem onuň düzüminde witaminleri bolup, olaryň mukdary sygyr süýdüniňkiden has-da köpdir. Arwana düýeleri ýylyň ähli paslynda öri şertlerinde süýt berijilik ukybyny we sagym möwsüminiň dowamlylygyny saklap bilýändigi bilen tapawutlanýar. Halkymyz: «Düýe malym — dünýe malym» diýip oňa ýokary baha berýär. Düýe süýdüniň nähili keramatly ýagny adam saglygy üçin nähili peýdalydygyny biz türkmen halk ertekisi «Ak pamykda» hem görüp bilýäris. Erteki erteki bolýar. Emma ol diňe ýagşy niýeti ündeýän halk döredijiliginiň görnüşi bolmak bilen onda Akpamyk düýe süýdüniň üsti bilen öz doganlaryna täzeden jan berýär. Bu bolsa, düýe malynyň hormatynyň türkmeniň aňyna, ruhuna siňendiginiň alamatydyr.

 

Şirinjemal AMANOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap

Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

KÄDINIŇ PEÝDASY

Indiki makala

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY