Dünýä ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly, iýmitlenişde giňden ulanylýan kädi iň peýdaly gök önümleriň biridir. Kädide saharoza, peýdaly pektin maddalar, beta-karotin, A, C, B1, B2, PP, E witaminleri, kaliý, demir, magniý, mis, sink, kobalt, kremniý, ftor, şeýle hem süňkleriň we dişleriň berk bolmagyna ýardamly kalsiý köp. Kädide köp mukdarda saklanýan A witamini agyr naharlaryň siňmegine ýardam edýär. Kaliý duzlaryna baý kädi peşew çykaryjy häsiýete eýedir. Düzüminde saklanýan demiriň mukdary boýunça gök önümleriň arasynda öňdäki orny eýeleýän kädiniň ganazlygy (anemiýa) bejermekde deňi-taýy ýokdur. Kädide köp mukdarda saklanýan mis, demir, fosfor duzlary ganyň emele gelmek hadysasyna işjeň gatnaşýar. Şonuň üçin aterosklerozda kädili naharlary iýmek maslahat berilýär. Kädide karotin käşirdäkiden 5 esse, sygyryň bagryndakydan 3 esse köpdür. Şoňa görä, ony görejiň kütelmeginiň öňüni almak maksady bilen ýygy-ýygydan ulanmak peýdalydyr. Kädi şiresi aşgazan-içege ýollarynyň işini gowulandyrýar, ödüň bölünip çykarylyşyny işjeňleşdirýär. Ol irki döwürden bäri endamda çiş döredýän ýürek-damar kesellerinde ulanylýar. Aýratyn-da, bagyr we böwrek kesellerinde peýdaly. Kädiniň şiresini günde 1 gezek 0,5 käseden içmeli. Ukusyzlykda agşam ýatmazdan öň bal garylan kädi şiresiniň 1 käsesini içmek maslahat berilýär. Böwrekde we peşew haltasynda daş emele gelende, günde 3 gezek (10 günläp) ýarym ýa-da çärýek käsesini içmelidir. Kädi pes kaloriýaly önümleriň hataryna girýär. Onuň maňzynda bary-ýogy 1-2% ýag bardyr. Çigidinde welin ýaglar (50%-e çenli) we beloklar (28%-den gowrak) juda köpdür. Ýanykda kädi şiresinden edilen ýapgynyň haýry degýär. Gyrgyçdan geçirilen çig kädi şetdaly ýagy bilen garylyp taýýarlanan ýapgy elleriň derisini gowulandyrýar, täzeleýär. Witaminlere we antioksidantlara baý bolan kädiden ýasalan kremler ýumşadyjy, çyglandyryjy bolup täsir edýär, deriniň soýulmagynyň, tozgalanmagynyň öňüni alýar. Şeýle kremleriň düzümindäki beta-karotin bolsa ýüzüň derisine owadan öwüşgin berýär, onuň görküni artdyrýar. Kädi çigidiniň ýagy garylan kremler deride suw balansynyň (deňeçerlik) saklanmagyny üpjün edýär, derini terlendirýär, çeýelendirýär. Gyrylan çig kädi we ýumurtganyň agy goşulyp taýýarlanan ýapgyny şeýle maksat bilen ulanmak mümkindir.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.