Her ýylyň 6-njy oktýabrynda türkmen halky 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde hem-de ähli taryhy uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan ildeşlerimizi hasrat bilen ýatlaýar. Watan gahrymanlaryna goýulýan şeýle hormat-sylag ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir. Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmen halkynyň täze nesline ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny dowam etdirmäge ýardam berýär. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligi hatyralanyp hem-de söweşlerde wepat bolan esgerleriň hakydasyna ýatlama çäreleri geçirilýär. Ýadygärlik toplumlaryna ter gül desseleri goýulýar, ata Watan, mukaddes ene toprak, häzirki nesilleriň bagtyýar, erkana durmuşda ýaşamagy üçin şirin janyny orta goýup, edermenligiň, batyrgaýlygyň, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezen mert pederlerimiz hatyralanýar.
Paýtagtymyzy etekläp oturan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «Baky ot» ýanyp dur. Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertlik, harby borja wepalylyk, eziz Watanymyza çäksiz söýgini görkezdiler. Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna eýerip, Hatyra güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde berilýän sadakalar, okalýan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk, baky bagtyýarlyk höküm sürsün!
Nartäç Ganýokmazowa,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.