Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýaş nesliň sagdyn, ruhubelent, bilimli bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler we oňaýly şertler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada bu günki gün ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Döredilýän mümkinçilikler, üns-alada we goldaw-hemaýat üçin ýaşlaryň ýürekden çykýan buýsançly sözleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlanýar.
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynyň ýokary derejede geçirilmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi döwletimizde ýaşlara berilýän ünsüň uludygyny aýdyň görkezýär. Kanunda ýaşlaryň okuw, ýaşaýyş-durmuş, iş üpjünçilik babatynda öňde durýan wezipeler beýan edilýär. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, dünýäniň barha kämilleşýän bilim ulgamyna işjeň goşulmagyny üpjün etmek, döredijilik başlangyçlaryny goldamak, höweslendirmek we ylma giňden çekmek ýaly möhüm wezipeler ileri tutulýan aladalaryň hatarynda görkezilýär. Kanunda ýaşlaryň durmuş we hukuk goraglylygy, bilim almaga, saýlap alan hünäri boýunça kämilleşmäge we zähmet çekmäge bolan döwletimiziň goldaw-hemaýaty baradaky kadalara möhüm orun berilýär. Baş maksat — Watanymyzyň geljeginiň kuwwaty bolan ýaşlaryň giň gözýetimli, ýokary ahlakly, watansöýüji we zähmetsöýer bolup ýetişmeklerini gazanmakdyr.
“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş telekeçileri goldamak, taslamalary döretmäge ukyply ýaşlar üçin binagärlik taslamalaryna gatnaşyp, zehinlerini görkezmek mümkinçiligini döretmek ýaly özboluşly täze kadalaryň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Taryhy öwrenmek, geçmişde ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoluny bilmek we taryhy-medeni ýadygärliklerimizi sarpalamak ýaşlar üçin belent borç hem wezipedir. Şeýle hem, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna ýaşlaryň gatnaşyp, zehinini görkezmegi üçin mümkinçilik döredilmegi baradaky kadanyň girizilmegi taryhy öwrenmäge höwesli ýaşlar üçin ajaýyp täzelikdir.
Ýaşlara we ösüp gelýän ýaş nesle ylym-bilim, sport, medeniýet, saglyk çygrynda goldaw bermek, höweslendirmek, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýaş hünärmenlere we telekeçilere giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş maşgalalary durmuş-ykdysady taýdan goramak, ylym we tehnologiýalar ulgamynda goldaw bermek, ykdysady özbaşdaklyk, zähmet hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirmekde goldamak ýaly belent maksatlar döwletimiziň ýaşlar strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenýär. Munuň özi, döwletimiziň geljekde ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini aýdyň görkezýär.
Berkidilen kanunçylyk namasy ýaşlarda buýsanç duýgusyny döredip, olary yhlasly zähmete ruhlandyrýar. Ýaşlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny ösdürip, başarýan ugurlary boýunça halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine, olimpiadalara, sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, ýeňiş bilen Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrýarlar.
Ýaşlar üçin uly aladalar edýän, giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn! Goý, hemişe biziň ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn!
Gurban MELEJÄÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň
ýazgysy müdirliginiň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy
etrap Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri.