TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

     Türkmen halky irki döwürlerden bäri çaga terbiýesine we edebine aýratyn ähmiýet berip gelýän halkdyr. Perzendiň ilkinji göreldäni öz maşgalasyndan alýandygyny nygtaýan pederlerimiz elmydama kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrunda aýratyn çemeleşipdirler. Ene-mamalarymyz gyzjagazlara öýüň işi bilen werziş bolmagy, el işlerini öwrenmegi ündeseler, atalarymyz bolsa oglanlara daýhançylygyň, ussaçylygyň ýollaryny ilkinji hünär hökmünde öwredipdirler. Çünki «Ogul atadan görelde almasa, öwüt almaz, gyz eneden görelde almasa saçak ýazmaz», «Gyz edebi — uz edebi», «Oguldyr döwletiň başy, gyz hem onuň göwün hoşy» ýaly nakyllary döreden ata-babalarymyz öz nesilleriniň hünärli bolmagy ugrunda has hem alada edipdirler.

     Türkmeniň çaga terbiýesinde bedeni berkitmek bilen birlikde, peýdaly zähmet endiklerini kemala getirmek hem utgaşykly dowam etdirilýär. Meselem, kiçijik çaga söýgülenende şeýle-de diýilýär:

Garaja oglan owlak bakar,

Owlajygynyň alny sakar.

Ilerki ýabyň güzerinden

Owlaklaryny suwa ýakar.

     Sanawajy eşideniňde, oba durmuşy, goýun-geçiler örä gidende, ýaňyja bolan owlak guzularyň alnyp galynyşy, olary on-onki ýaşly oglanjyklaryň oba ýakyn ýerlerde bakyşlary, obanyň ýabyndan suwa ýakyşlary birin-birin göz öňünde janlanýar. Diýmek, ene-ata entek bir ýaşamadyk çagasynyň ýaşlykdan işe werziş bolmagyny, hemä özüniň beden saglygy üçin, hem-de öý hojalygynyň eklenji üçin peýdaly pişe bilen meşgullanmagyny arzuw edýär. Bu ýerde gürrüň uly-kiçi, aýal, oglan-uşak diýmän, maşgala agzalarynyň her birini hojalyga peýdaly zähmet çekip, çeken zähmetiniň hözirini görüp ýaşamaga ugrukdyrmakdyr. Bir söz bilen aýdylanda, sallançakdan başlap, çaga terbiýesiniň many-mazmuny perzendiň sagdyn hem-de öýüne, il-gününe peýdaly adam bolup ýetişmegine gönükdirilýär.

     Rowaýatlaryň birinde, ýaşuly adamlar üýşüp oturanlarynda 5 ýaşlyja oglanjyk ylgap şol ýaşulularyň oturan ýerine girip «Salawmaleýkim» diýende, ýaňky oturan ýaşulularyň biri ýerinden turup oglanjyk bilen el uzadyp, iki elläp salamlaşýar. Şonda oturan beýleki ýaşulularyň biri «Çaga bilen ýeriňden turup salamlaşaýdyňmy?!» diýýär. Oglanjyk bilen salamlaşan ýaşuly «Çaga görenini edýär» diýýär. Dogrudanam çaga köp zatlara akyl ýetirip başlanyndan gören zadyny gaýtalajak bolup çalyşýar. Şu döwürde çaga nähili ýol salgy berilse ol hem şol ýol bilen gidýär. Her bir ýaşkiçi özünden uly girip gelende, ýerinden turup salamlaşsa gowy terbiýe berlendigini görkezýär. Sebäbi «Edep başy — salam» diýip ýöne ýerden aýdylmaýar.

     Her bir çaga ýaşlygyndan gowy edep-terbiýe alsa, ol ertirki gün ene-atasyna, il-halkyna, Watana wepaly adam bolup ýetişer. Magtymguly atamyz hem bu barada: «Sözläbilseň, ýagşy sözle, halk ýamanyň bizarydyr» diýýär. Dogrudan hem, her bir ene-ata öýünde hapa-paýyş sözleri aýtmasa ýa-da kişiniň gybatyny etmese, çagalaryny diňe gowulyga ündese, şol maşgalada önüp-ösen çagada diňe ýagşy gylyklar peýda bolýar. Maşgaladaky her bir nädogry hereket, ýa-da bijaý aýdylan söz çaganyň terbiýesine erbet täsir edýär.

     Ata-babalarymyzdan miras galan bu ajaýyp ýol-ýörelgelerimizi düýpli öwrenmek, olary geljekki nesillere ýetirmek biziň esasy borjumyz we maksadymyz bolmalydyr. Hut şu nukdaýnazardan hem jemgyýetde her bir işde görelde bolýan il sylagly ýaşulularymyz bilen ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, dürli mazmunly terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirýäris.

     Ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda aladalanýan, giň özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Sumbar MAMEDBAÝEWA,

TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY