Akyldarlaryň bellemegine görä, iň hormatly kärleriň biri adamlara ylym bermekdir. Beýik alymlaryň hem ilkinji mugallymlary bardyr. Diýmek, olaryň şeýle derejä ýetmeginiň esasyny goýan onuň ylym atasydyr. Ylym öwredýän, öwrenýän ähli döwürlerde-de hormatlanypdyr. Şunda kitaphanalar aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Häzirki wagtda kitaphanalar ýaşlaryň iň bir gelim-gidimli paýhas ojagyna öwrülýär. Bu ýerde olar ylmyny we bilimini artdyrmaga, kämilleşmäge mümkinçilik alýarlar. Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlar diwanlarynyň ýokary hilli, döwrebap görnüşde halkymyza ýetirilýändigini bellemek has buýsançlydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň baý many-mazmunly, çuňňur ylmy esasly kitaplary halkymyza peşgeş bermegi onuň gadyr-gymmatyny iňňän ýokarda goýýandygyny aýdyň görkezýär. «Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabyndaky ýaş nesil we olaryň bagtyýar geljegi baradaky çäksiz söýgä ýugrulan dürdäne pähimleri okanyňda, buýsanjyň has-da artýar. Biz ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden ugur alyp ylmymyzy, bilimimizi artdyryp, iş tejribämize esaslanyp öňümizde duran wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmelidiris. Ýaşlarda kitaba söýgi döretmekde we kitaphana işine giňden çekmekde ýygy-ýygydan maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny edebiýat agşamlaryny geçirmelidiris. Munuň özi, kitap okamaga we döredijilik bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmalaryň has-da artmagyna itergi berýär.
Biz — ýaş hünärmenler bilim bermek, ylym öwretmek, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmek ugrunda bimöçber aladalar edip, giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.
Şirin HAÝTJANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.