BELENT OWAZLY ZEHIN

(Opera-wokal aýdymçysy, artist Didar Sarykow bilen söhbetdeşlik)

     Ir säher bilen awtobusda işe barýardym. Sürüji adatdakysy ýaly ýene radionyň burmasyny towlap, söýgüli ýaýlymynyň tolkunlaryny sazlady. Alypbaryjy zenanyň mahmal sesi aýdymçy, onuň ýerine ýetirjek aýdymy bilen tanyşdyrdy. «Indi bolsa ýaş aýdymçy Didar Sarykowyň ýerine ýetirmeginde bir aýdym diňläliň!». Aýdym turuwbaşdan belent perdelerde ýaňlanyp ugrady. Ýaýlymdan tolkun-tolkun bolup ýaýraýan owaz göwün salyňy aldym-berdime salýar, beýik kompozitoryň döreden bu aýdymyň sazy ýürek tarlaryňy çirtýär. Sazda şadyýanlyk, aýdymyň sözlerinde keýpiçaglyk bar. «Aý, ýöne, keýpine aýdym aýdýan, güne keýpine hoş salam ýollaýan»... Aýdymçynyň aýdymyndaky hoşwagtlylyk, keýpiçaglyk säher çagy bark urup duran bägüliň hoşboýlygy ýaly awtobusuň içine «kükäp» gitdi. Göwünler gül-gül açyldy. Aýdymçy bilen gyzyklanyp, internetiň gözleg penjiresine «Didar Sarykow» diýip ýazyp, gözleg düwmesine basan dessime ekranda Görogly sypatly ýigidiň suratlary – «Görogly» operasyndan suratlara siňen pursatlar peýda boldy. Asyl, «Görogly» operasynda Göroglynyň keşbini janlandyran Didar Sarykow eken-ä!

     Sorap-idäberdik welin, onuň zehininiň diňe bir aýdym-saz, opera bilen däl, eýsem, teatr, sahna sungaty bilen baglanyşyklydygyndan hem habarly bolduk. Häzirki wagtda Didar Sarykow Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda aýdymçy-artist bolup zähmet çekýär. Belent owazly, aýratyn zehinli ýaş aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

     — Tüweleme, Didar, siz il içinde belent owazly aýdymçy, kämillige ymtylýan opera aýdymçysy-artisti hökmünde tanalmagy başardyňyz. Indi bolsa teatryň sahnasynda hem keşp janlandyrýarsyňyz. Bu üç sungaty utgaşykly dowam etdirmek size kyn düşmeýärmi?

     — Gurbannazar şahyryň bir goşgusynda «Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde» diýen bir setir bar. Ol durmuş babatda-da, sungatyň çarkandakly, şol bir wagtyň özünde ruhy lezzet bagyşlaýan ýolunda hem şeýledir. Bökdençliklerden ýöwselleseň, irginsiz öz üstüňde işlemeseň, kämillige ymtylmasaň elbetde kyn bolar. Emma pederlerimiz «Umytly guş Käbä ýetmiş» diýýär. Sungatda umytly, maksadaokgunly bolsaň, almajak galaň ýok bolsa gerek! Şeýle-de, aýdym-saz, teatr we opera sungatlary biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Olaryň biri-biri bilen umumylygy-da bar, aýratynlygy-da. Her bir aýdymçynyň, esasan hem, opera aýdymçysynyň aktýorçylyk senedinden azda-kände baş çykarmagy zerur bolup durýar. Edil şonuň ýaly-da, teatr artistiniň hem aýdym-sazdan ukyby-üşügi bolmaly.

     — Teatrly gürrüňe syryganlygyna görä, söhbetimizi sahnada janlandyran keşbiňiz hakynda dowam edäýeliň!

     — Häzirlikçe teatryň sahnasynda režissýor Guwanç Baýmetowyň sahnalaşdyran «Bezirgen» spektaklynda Göroglynyň keşbini janlandyrdym. Şol sahna oýnunda meniň inim Saryk Sarykow hem Bezirgeniň keşbini janlandyrýar.

     — Aýdym-saz her bir ynsanyň kalbyny heýjana salyp bilýän gudrat! Emma gursagy owazdan doly, ýüregi aýdym aýtmaga bolan höwesden atygsap duran ynsanlary neneň güne salýarka?! Soragymyzy aýdyňlaşdyralyň: özüňizde aýdym aýtmaga bolan höwesi,  aýdym-saz sungatyna bolan ukyby haçan duýduňyz?!

     — Mekdepde okaýan döwürlerim Daşoguz şäherindäki çagalar sungat mekdebine gatnap, dutarda saz çalmak senedi boýunça Atamyrat Hekimowdan tälim aldym. Arakesme mahaly bile tälim alýan deň-duş oglan-gyzlar bolup, aýdym aýdardyk, saz çalardyk. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýdym aýdyş ýoly, sesi ýüregime has ýakyn duýulýardy. Onuň aýdymlary teleýaýlymda ýaňlansa, telewizoryň öňünden aýrylyp bilmezdim. Onuň aýdymyna men hem goşulardym, sesimi halypanyňka meňzetjek bolup, ýognaldardym. Köplenç mekdepde aýdym aýtmaly bolsa-da, Atageldi Garýagdyýewe öýkünip aýdardym. Şeýle günleriň birinde, synpdaşlarymyň arasynda peýwagtyna hiňlenen gezegim, çagalar sungat mekdebiniň opera wokal mugallymy Meretgül Pirkulyýewa ýeňsämde diňläp duran eken. Aýdym tamamlanaryna mähetdel, ol:

     — Didar, opera aýdybermeli sesiň bar eken – diýdi. Halypa mugallymyň bu öwgüsi meniň bu ugra ymykly imrinmegime itergi boldy. Meretgül mugallym opera-wokal ugrundan meniň ilkinji halypam.

     — Elbetde, halypalaryň yhlasy, öwüt-ündewleri, görüm-göreldesi üstünligiň, kämilligiň belentligine çykmakda basgançak bolup hyzmat edýär.

     — Dogry, halypalar babatda meniň bagtym çüwdi diýseňem boljak. Çagalar sungat mekdebini tamamlanymdan soň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine okuwa kabul edildim. Bu ýerde maňa Baýrammyrat Mülkiýew halypalyk etdi. Soňra häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alan döwürlerim Türkmenistanyň halk artistleri Gurt Nazarow, Mämmetmyrat Annamyradow halypalyk edip, sungatda ýol-ugur görkezdiler. Sungat dünýäsinde äden ilkinji ädimlerimde, ýetip bilen sepgitlerimde halypalarym Baýrammyrat Mülkiýew bilen Tirkiş Mätnazarowyň paýy örän uludyr. Operalarda janlandyran keşplerimiň göwnemakul çykmagynda, esasan hem, «Görogly» operasy sahnalaşdyrylanda, Atageldi Garýagdyýewiň öwreden inçe tilsimleri, öwüt-ündewleri meniň üçin uly mekdep boldy.

     — Haýsy operalarda keşp janlandyrdyňyz?

     — Meniň döredijiligime, durmuşyma mazmun bagyşlan keşpleriň biri hem «Görogly» operasyndaky Göroglynyň keşbidir. Bu eser 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp sahnalaşdyryldy. Şeýle hem, «Magtymguly» operasynda Şirgazy medresesiniň ahunynyň, «Aşyk Çaňly» operasynda tüçjar baýyň, «Nejep oglan» operasynda patyşanyň keşplerinde, «Zöhre-Tahyr» operasynda köpçülikleýin sahnalarda çykyş etdim. «Görogly» operasynda keşp janlandyranym üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldum.

     — Maşgalaňyzda sizden başga aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanýan barmy?!

     — Elbetde, oglum Selim aýdym-saz bilen gyzyklanýar.

     — Täsirli söhbetdeşlik üçin minnetdarlyk bildirýäris! Sungat äleminde uly üstünlikler ýaranyňyz bolsun!

     — Sagboluň! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara dürli ugurlar babatda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, kämilleşmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Ilimiz abadan, ýurdumyz parahat bolsun!

 

Gurban GURBANOW,

«Daşoguz habarlary».

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY