Gözel paýtagtymyz Aşgabat binagärlik çözgütleriniň milli aýratynlyklary we ajaýyp keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň çuň parasatyndan rowaçlanýan ak şäheriň binagärlik aýratynlyklary milli öwüşgini, gurluşynyň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Aşgabat şäherini dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyzyň binagärlik keşbini kämilleşdirip, onuň çägini giňeltmek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Her bir gurulýan desgalaryň hil aýratynlygyna, bezegine, talabalaýyk alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzyň daş-töwereginiň ekologiýa abadançylygyna aýratyn üns berlip, ýaşyl öwsüp oturan baglara, al-elwan güllere bürenen ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda çagalara niýetlenen oýun meýdançalary gurulýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan kaşaň ymaratlar, halkymyzyň rahat dynç almagy üçin döredilen medeni-durmuş maksatly desgalardyr seýilgähler milli öz boluşlylygy, döwrebap röwüşde şöhlelenýän keşbi bilen tapawutlanýar. Täze gurlan, ähli döwrebap şertleri özünde jemleýän ylym-bilim ojaklary, stadionlar, medeni we söwda merkezleri, täsin myhman hanalar Aşgabadyň nurana görküni has-da artdyrýar. Merdana milletimiziň ruhy we medeni mertebesi hem-de gözelligiň özboluşly nusgasy hökmünde «Garaşsyzlyk», Arkadag, «Ylham» seýilgähleri, «Zemin», «Jebislik», «Ösüş», «Erkanalyk», «Alaw», «Çemen», «Ebedilik», «Dowamat», «Şahyr» ýaly monumental ýadygärliklerimiziň atlandyrylyşy, binagärlik özboluşlylygy halkymyzyň geçmişine hormatyndan, şu gününe egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr. Bu gözellikler baş şäherimiziň ajaýyp ýollaryny, tutuş durkuny bezäp, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge mynasyp täsirini ýetirýär. Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän toplumlaýyn binalar çuň mazmuna eýe bolup, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, şu günki belent ösüşlerini aýdyň şöhlelendirýär. Aşgabat özüniň binagärlik sungatynyň aýratynlyklary bilen halkara derejeli güwänamalaryň ençemesine mynasyp bolan şäherdir.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.
Aşgabat gazeti, 05.10.2023ý.