MILLI MIRASYMYZ — ÝOL-ÝÖRELGÄMIZ

     Her bir halkyň özüne mahsus bolan milli mirasy — däp-dessurlary, edim-gylymlary, egin-eşikleri, gadymyýetden biziň günlerimize çenli gelip ýeten maddy we ruhy gymmatlyklary, sungat we döredijilik eserleri, sünnälenip bejerilen şaý-sepleri, milli tagamlary bardyr. Halklary halklardan, milletleri milletlerden tapawutlandyrýan zatlar hem şu milli aýratynlyklarda jemlenendir. Türkmen halkymyzyň hem milli mirasynyň ajaýyplyklary dünýä halklarynyň ünsüne özüne çekýär. Her bir meselä örän eserdeň seredýän milletimiz milli mirasymyzyň gymmatlyklarynyň ýitip gitmän, tutuş dünýäde şöhratlanmagy ugrunda hem aladalanypdyrlar. Çaga terbiýesi, myhman kabul etmek, toý tutmak ýaly däplerimiziň hem täze röwüşde dowam etdirilmegi milli mirasymyzyň bir bölegini düzýär. Halkymyzyň milliligimize aýratyn üns bermeginde, ýol-ýörelgelerimize eýerilmeginde ýaşuly nesliň wekilleriniň aýratyn orny bardyr. Çünki parasatly gojalarymyz, dili senaly enelerimiz her bir işde bize görelde görkezip, asyrlar aşyp gelýän däplerimize eýermekligi ündeýärler.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň jemgyýetimize içgin aralaşmagyny gazanmakda, olary kämilleşdirmekde has giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň, terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi netijesinde ýaş nesliň milli mirasymyza sarpasy, hormaty has-da artýar. Milli mirasymyzdan görnüşi ýaly, ata-babalarymyz terbiýe bermegiň täsirli usullaryny döredipdirler. Bu bolsa ýaşlaryň kämil ynsanlar, başarjaň şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir. Mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan we döreden ruhy hem-de maddy gymmatlyklary, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgeleri, jemgyýetçilik pikiriniň güýji, asylly maşgala däpleri, ululara hormat, ata-enäni sylamak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, asyllylyk, ata Watana we hormatly Prezidentimize wepalylyk ýaly ýörelgeleri ýaşlarymyza berilýän terbiýäniň esasyny düzýär. Ýaşlary şeýle ruhda terbiýelemek, olary ýaramaz nogsanlyklardan, endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmak maksady bilen biz hem geňeşimiziň işgärleri we agzaly bilen birlikde raýatlaryň, ylaýta-da ýaşlaryň arasynda giň mazmunly çäreleri alyp barýarys. Il sylagly ýaşulularymyzyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, halypa mugallymlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän şeýle çärelerde ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgelerimize ygrarly bolmak dogrusynda täsirli çykyşlar edilýär. Biz mundan beýläk-de şeýle netijeli işleri yzygiderli dowam etdirjekdigimize ynandyrýarys.

 

Gülzar BEKMURADOWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY