Mugallym — bu diňe bir terbiýeçi ýa-da belli bir dersden sapak öwrediji bolman, eýsem ol ýol görkeziji ýolbelet, halypa we durmuş göreldesi. Olar — okuwçynyň bilimini we düşünjesini kämilleşdirmäge ýardam berýän, öwrenmäge, döretmäge we geljekki hünärlerini saýlamakda ýol görkezýän şamçyragdyr.
Islendik adamyň durmuşynda mugallym aýratyn uly orun tutýar. Her bir mugallym okuwçylaryny özleriniň maksatlaryna ýetmäge, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we şahsyýet hökmünde durmuşda öz ornuny tapmaga ruhlandyrýar. Bu beýik ynsanlar elbetde dünýä derejesinde ýatlanmaga we gutlanmaga mynasypdyr. Şu nukdaýnazardan hem her ýylyň 5-nji oktýabrynda «Bütindünýä Mugallymlar Güni» ÝUNESKO-nyň çäginde aýratyn ruhda we dabaraly bellenilip geçilýär.
Bu baýramçylyk öz gözbaşyny 1966-njy ýyldaky Ženeweda geçirilen Bilim baradaky Halkara Maslahatdan alyp gaýdýar. Bu maslahatyň dowamynda ÝUNESKO bilen Halkara Zähmet Guramasy mugallymlar baradaky bilelikdäki şertnama gol çekdiler. Bu şertnamanyň esasy maksady tejribeli mugallymlary taýýarlamak, olary iş orunlary bilen üpjün etmek we dünýäde ylymyň we bilimiň derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Bu baýramçylygy bellemek ÝUNISEF, BMG-niň ösüş maksatnamasy, Halkara Zähmet Guramasy we beýleki ugurdaş Halkara guramalaryň gatnaşmagynda dürli çäreler bilen utgaşýar.
1994-nji ýylda ÝUNESKO bu kabul edilen şertnamanyň esasynda mugallymlaryň jemgyýetdäki möhüm ornuny bütindünýäde artdyrmak hem-de bu belent käri hormatlamak maksady bilen Bütindünýä mugallymlar gününi ÝUNESKO-nyň halkara günleriniň biri hökmünde kabul etdi. Bu ýyl ÝUNESKO-da Bütindünýä Mugallymlar Güni «Biziň isleýän bilimimiz üçin isleýän mugallymlarymyz: Mugallym ýetmezçiligini aradan aýyrmagyň global hökmanylygy» mowzugy bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabaralary we maslahatlary, esasan, mugallymyň adamyň we jemgyýetiň durmuşyndaky möhüm orny, hünärli mugallymlary ýetişdirmegiň hem-de olary höweslendirmegiň ähmiýetine gönükdirilendir. 2023-nji ýyldaky Bütindünýä mugallymlar güni täze jemgyýetçilik şertnamasynyň we bilimi özgertmegiň has giňişleýin maksatnamasynyň çäginde düzüldi.
Bu dabaralaryň çäginde Bütindünýä mugallymlar gününe bagyşlanan konferensiýalar, sammitler, dürli çäreler we bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, mugallymlaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde göreldeli işleri alyp barýan şahslary höweslendirmek maksady bilen mugallymlar üçin niýetlenilen ÝUNESKO baýraklary mynasyp eýelerine gowşurylýar.
Bütindünýä mugallymlar gününi bellemegiň esasy maksatlarynyň biri-de olaryň jemgyýete goşan goşantlaryny ýatlap geçmek, jemgyýetiň aňynda bu mukaddes käre höwes döretmek we sagdyn aň düşünjeli tejribeli ýaş mugallymlary ýetişdirmek bolup durýar. Bu baýramçylyk dünýäniň ähli künjeginde milli derejede bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli dürli çäreler, maslahatlar gurnalýar we her ýylyň görnükli we göreldeli mugallymlary sylaglanýar.
Her bir ynsanyň kämil, ynsanperwer şahsyýet bolup ýetişmegi üçin halal zähmet çekýän mugallymlarymyzy we biz üçin durmuş mekdebi bolup durýan halypalarymyzy hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Kemal ANNAGURBANOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.