SAGDYN JEMGYÝET – BAGTYÝAR GELJEK

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen her ýylyň 10-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

     “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, dünýäniň ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, şypahanalaryň we sport toplumlarynyň hem-de sport mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän aladalarynyň miwesidir.

     “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we olary bejermekde hem-de raýatlaryň saglygyny dikeltmekde öňdebaryjy tehnologiýalar, täzeçil işläp taýýarlamalar önümçilige ornaşdyrylýar.

     Esasy Kanunymyzda: “Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatyndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr” diýip bellenmegi eziz Diýarymyzda ynsan ömrüniň we saglygynyň döwlet üçin iň ýokary gymmatlyk bolup durýandygyny tassyklaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

     Umuman, ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty ilata berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Halkymyzyň saglygy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Myrat GOŞAÝEW,

“Türkmendemirýollary” agentliginiň

Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar