OL ŞIRWAN PERDÄŇE GALSANA, BAGŞY!

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň aýrylmaz sütüni bolan bagşyçylyk sungaty aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek baradaky aladalarynyň netijesinde, aýdym-saz sungatymyz barha kämilleşýär. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşik ýurdumyzda täze, zehinli ýaşlary ýüze çykardy. Bäsleşikde Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Görogly etrap medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Güýçmyrat Atabaýew türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekde ussatlyk görkezip, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy hem-de bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Biz hem döredijilik toparymyz bilen zehinli bagşy Güýçmyrat Atabaýew bilen söhbetdeş bolup, ony siziň dykgatyňyza ýetirmegi müwessa bildik.

 

     — Güýçmyrat, ilki bilen sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy” atly bäsleşiginde gazanan ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

     — Sagboluň! Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallary edýän Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagyň ykbal paýyma düşenligi üçin buýsanýaryn hem guwanýaryn. Şeýle Şa serpaýyna eýe bolmagym meni mundan beýläkde has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

     Söhbetimizi sungat ýolundaky ilkinji basgançaklaryňyz dogrusynda başlaýalyň!

     — Çagalyk ýyllarymda mende höwes döredi. Ýadymda, şol döwürler toý- dabaralarda bagşylary diňlemegi, çaga bolsam-da, şolaryň sözlerine üns berip, edýän hereketlerine, çalýan sazlaryna haýran galyp, şolaryň özlerini alyp baryjylygy meni haýran galdyrardy. Galybersede, atamyň hem hyzmatlary uly boldy. Atamyň bagşy sesi bolansoň, toý-dabaralarda ýa-da öz aramyzda hiňlenip, aýdym aýdyp oturardy. Şol aýdymlara hiňlenip, mende höwes döredi. Bagşyçylyk sungatyny saýlap almagymda ilkinji halypam Inermyrat Çontykowyň hem ýardamy uly boldy. Ol bu käriň inçe tilsimlerini öwretdi. Günleriň birinde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Sabyr Sabyrow bilen duşuşmak maňa miýesser etdi. Duşuşanymyzdan soň, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirdik. Öňdenem bäri meni Sabyr bagşynyň şägirdi diýip hasaplardylar. Sebäbi meň sesimiň gelşi halypamyň ýoluna meňzeşdi.

 

     — Ilkinji aýdymyňyz haýsy we ony nirede ýerine ýetirdiňiz?

     — Ilkinji gezek halk arasynda “Çagdyr, bu çaglar” aýdymyny ýerine ýetiripdim.

 

     — Size üstünlik getiren aýdym haýsy?

     — Daşoguz welaýatynyň Ak öýi binasynda bagşylaryň arasynda geçirilen “Çalsana, bagşy” atly bäsleşiginde ýerine ýetiren “Görogly” şadessanynyň Harmandäli şahasyndan alnan aýdym. Men bu aýdym arkaly bäsleşikde ýeňiji boldum.

 

     Döredijilik ýoluňyzyň başynda haýsy bagşylary diňleýärdiňiz?

     — Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Sabyr Sabyrow hem-de Kerwen Ýowbasarow ýaly ussat bagşylaryň aýdymlaryny höwes bilen diňleýärdim.

 

     — Siziň pikiriňizçe, döredijilik işgärine mahsus häsiýetler nähili bolmaly diýip hasap edýärsiňiz?

     — Döredijilik adamsy mydama halkyň hyzmatynda bolýar. Şonuň üçin ol pespäl, giň dünýägaraýyşly bolmaly diýip hasap edýärin.

 

 

     — Özüňi bagtly duýmagyň syry nämede ?

     — Her bir günümize şükür edip, durmuşdan lezzet alyp, maşgalaň bilen agzybir ýaşamak.

 

     — Eger aýdymçy bolmadyk bolsaňyz, haýsy käri saýlap alardyňyz?

     — Telekeçi bolardym.

 

     — Geljekki maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz?

     — Arkadagly Gahryman Serdarymyz döredijilik işgärlerine uly ynam bildirýär. Nesip bolsa, geljekde-de Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlary döredip, halkymyza ýetireris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň toýlary toýlara ulaşsyn! Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli ähli işleri rowaçlyklara beslensin!

     — Güýçmyrat, beren gürrüňleriňiz üçin, köp sagboluň! Size sungat äleminde uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris!

 

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Gülruh ATABAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar