FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI ÝYGYNDYSY BAE-NIŇ ÇEMPIONY BILEN ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYGYNY GEÇIRER

     BAE-niň Dubaý şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy BAE-niň çempionatynda çykyş edýän iki topar bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.

     10-njy oktýabrda Türkmenstan BAE-niň birinji ligasynyň wekili «Dubaý Ýunaýted» topary bilen güýç synayşar. Duşuşyk «Dubaý Sport Siti» stadionynda geçirilip, Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

     15-nji oktýabrda bolsa Mergen Orazowyň şägirtleri BAE-niň futbol çempionatynyň geçen ýylky çempiony «Şabab Al-Ahli» topary bilen duşuşarlar. Dubaý şäheriniň «Raşid stadium» stadionynda geçiriljek bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 18:05-de başlanar.

     Ýeri gelende ýatlatsak, noýabr aýynda Aziýa yklymynda DÇ-2026-nyň saýlama tapgyryna badalga berler. Saýlama tapgyrynyň «E» toparçasyndan orun alan Türkmenistanyň ýygyndysy Eýran, Özbegistan hem-de Gonkong/Butan jübütiniň ýeňijisi bilen güýç synanyşar.

     Türkmen futbolçylary saýlama tapgyryna 16-njy noýabrda Aşgabatda Özbegistan bilen geçiriljek oýun arkaly girişerler.

 

TURKMENPORTAL

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 108 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR