«PAÝHAS ÇEŞMESI» ESERINDEN BAHYLLYK BARADA NAKYLLAR

Bahyl baryny bermez, ýok garap durmaz.

* * *

Bahyl bazara gitse, şum habar getirer.

* * *

Bahyl jennet görmez.

* * *

Bahyldan daş sorandan, jomartdan aş sora.

* * *

Bahyldan gyşyň güni garam dileme.

* * *

Bahyldan pul almak – petirden gyl almak.

* * *

Bahyly sahylygyň bilen uýalt.

* * *

Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez.

* * *

Bahylyň jaýy jähennem, sahynyň jaýy jennet.

Meňzeş habarlar

27 Noýabr 2025 | 63 okalan

TÜRKMEN MILLI NAGYŞLARY

20 Noýabr 2025 | 421 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 349 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY