TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK WE YLALAŞYKLYLYK DIPLOMATIÝASYNY ILERLEDÝÄR

     «Türkmenistan netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş etmek bilen, hoşniýetlilige, medeni gatnaşyklara, iň gowy tejribeleriň we garaýyşlaryň alşylmagyna esaslanýan hem-de ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan döwletara dialogy alyp barýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. BMG-niň Düzgünnamasyna we maksatlaryna laýyk gelýän bu ýörelgeler dostlugyň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berk köprüsini gurmaga ýardam edýär.

     Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Bitarap Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän açyk we deňhukukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar. 13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

     “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynda döwlet Baştutanymyzyň Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Nebitgaz senagaty, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

     Prezident Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy goldaýandygy üçin hoşallyk bildirip, bu ugurda gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň köptaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň şu gezekki sammitiniň gün tertibi gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş etmek bilen, döwletleriň Arkalaşygyň formatyndaky özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleler boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyç Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň barşynda beýan edildi.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň üçüsini anyklaşdyryp, olaryň birinjisi hökmünde gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň, aradan aýyrmagyň, olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini kesgitledi. Strategiýanyň ikinji ugry syýasy hukuk dereje hökmünde oňyn Bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen baglydyr. Munuň özi diplomatik serişdeleriň we usullaryň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly jedelleridir gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Üçünji ugur parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetiniň dikeldilmegidir. Biz strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagyna özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk, şol sanda Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda, şeýle hem syýasy, ykdysady, ekologik, tebigaty goramak, ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleri çözmek, umuman, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm ädim hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

     Hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň giňişliginde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere hem ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi, şondan soňra 2024-nji ýylda halkara maslahaty guramagy teklip etdi we GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokarda agzalan başlangyjyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyna ynam bildirýär. Döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylanda, biziň ýurtlarymyzyň bähbitleriniň laýyk geljekdigine ynam bildirip, ýurdumyzyň munuň üçin Aşgabatda zerur bolan ähli infrastrukturany we şertleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky Türkmenistanyň teklipleriniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň formaty üçin derwaýys bolup durýandygyny aýtdy. Sebitiň durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşini üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň, maliýe-ykdysady institutlaryň ýakynlaşmagyna, tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleriň, çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagy maslahatyň esasy maksady hasaplanýar. Bu barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda maslahatyň birinji mejlisiniň işine gatnaşmaga çagyrdy.

     Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman dünýäsiniň terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, adam söwdasy, GDA-nyň giňişligine radikal, ekstremistik elementleriň aralaşmagy ýaly wehimlere garşy durmak, kiberhowplar we beýleki wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça mundan beýläk-de tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Derwaýys meseleleri çözmegiň ýollaryny gözlemek boýunça teklipleri öňe sürmek bilen, biz başlangyçlarymyzyň Arkalaşygyň çäklerinde berk we uzak möhletli parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigine, tutuş dünýäde parahatçylyk we ylalaşyklylyk diplomatiýasyny ilerletmäge uly goşant bolup hyzmat edýändigine düşünmekden ugur alýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

     Sammitiň barşynda bolan pikir alyşmalaryň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, sebit we halkara durmuşyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe guramaçylyk we beýleki degişli meselelere garaldy. Sammitiň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

     Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda — 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

     Geçen hepdäniň wakalaryna geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy oktýabrda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirendigini bellemelidiris. Onda oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň meseleleri, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky işleriň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, pagta, şaly, gant şugundyry we beýleki ekinleriň hasylyny ýygnamakda hereket edýän ähli düzümleriň işiniň sazlaşykly üpjün edilişine aýratyn üns çekildi.

     “Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda” Karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz bu resminamada bellenen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etmek bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda geçirilýän özgertmelere goşýan goşandyny has-da artdyrjakdygyna, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna uly itergi berjekdigini aýtdy.

     Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen ýertitreme zerarly doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek we Aşgabat şäherinde şu ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda bäsleşikleri geçirmek hakynda Buýruklara gol çekdi.

     9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi.

     Demirgazyk Makedoniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ÝHHG-niň döredijilikli syýasaty alyp barýan, sebit hem-de halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Duşuşykda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini halkara derejede üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulaglaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda bilelikde anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi. Taraplar Türkmenistan bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy heläkçilikden ejir çekenlere Türkmenistanyň iberen ynsanperwerlik kömegi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Duşuşykda söwda-ykdysady ulgamda, nebitgaz we senagat pudaklarynda, beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça özara pikir alşyldy.

     10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň uly dabara bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

     Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz bu ýokary sylaga halkymyzyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin mynasyp boldy. Döwlet Baştutanymyz bu sylagy milli däplerimiz esasynda alyp barýan sahawatly işlerimize berlen baha hasap edýändigini belledi.

     11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän, şol sanda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz ýakynda Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

     Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşyk geçirildi. Onda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna» gol çekildi.

     9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.

     Häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklarynyň baş meýilnamalary görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak we Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

     Görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda Gahryman Arkadagymyza dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň biri bolan Yslam ösüş bankynyň ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürleýändigi baradaky hoş habar aýdyldy.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşyp, türkiýeli hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň ýagdaýyny hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

     13-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge bagyşlanyp, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzy ýatlap, şeýle hem ýakynda Owganystanda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralap sadaka berildi.

     Geçen hepdede Türkmenistanyň Mejlisinde Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alan Hemsondan we Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Amanul Hakdan ynanç hatlary kabul edildi. Diplomatlara Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi.

     10-njy oktýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Serginiň çäginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň täze, XV jildiniň tanyşdyrylyşy hem boldy.

     Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň adyndan paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralaryna “Toyota Camry” awtoulaglarynyň 60-dan gowragy sowgat berildi.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda hem-de tabşyrygy boýunça Söwda-senagat edarasynda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda tapawutlanan işgärleri, saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine, meýletinçilik hereketine, döwlet we jemgyýetçilik işine uly goşant goşan raýatlary Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýle-de “Arkadag” medalyna mynasyp bolanlaryň ählisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dabaraly ýagdaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sowgat gowşuryldy.

     Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde utgaşykly görnüşde “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Çykyşlarda lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işine, ýokary hünär derejeli, ruhy-medeni gymmatlyklary doly ele alan, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns çekildi.

     Täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

     Arkadag şäherinde “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň kino işgärlerini bir ýere jemlän, ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen döredijilik forumy sebit hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga täze itergi berer.

     Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sebit we ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýasynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

 

 

(TDH)