DÜNÝÄ DILLERINIŇ ÄHMIÝETI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşini kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işleriniň depginini ýokarlandyrmak, bilime, ylma we ýokary hünär derejesine höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn özgertmeler alnyp barylýar. Bu özgertmeler milli we halkara gurşawynda aýratyn manymazmuna eýe bolýar hem-de dünýä döwletleridir halklary bilen döwletara gatnaşyklardaky ýörelgelere, umu ma damzat we milli gymmat lyklara hormat goýmak, ylma, bili me möhüm ähmiýet bermek bilen ony sazlaşykly alyp barmaga täze badalga berýär.

     Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, medeni-ruhy we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde dil bilimini ösdürmegiň örän uly ähmiýeti bardyr. Şol bir wagtda hem, daşary ýurt dillerini kämil bilýän, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetiş- dirmek esasy ugur bolup durýar. Dil bilmegiň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny türkmen halkynyň edebi hem medeni mirasy, durmuş tejribesi görkezýär.

     Dil dünýä medeniýetine, beý- leki halklaryň ylym, bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. şol sebäpli hem hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede dälde, eýsem, daşary ýurt dilleriniň hem birnäçesini öwretmek wezipesi goýuldy. Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» daşary ýurt dillerini okatmaga düýbünden täzeçe çemeleşmeleriň emele gelmegine şert döretdi.

     «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini öwretmegiň mazmunyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, dili öwrenilýän halk bilen türkmen halkynyň arasyndaky edebi, medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, okatmagyň tejribesine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. Netijede Konsepsiýa daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetini işläp düzmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny öz içine alýan bitewi bir ulgamy emele getirmä- ge hyzmat etmelidir.

      Tehnologiýanyň ösýän döwründe ýaş- lara daşary ýurt dilini öwretmek ony hünärmen hökmünde öwrenmek üçin uly mümkinçilikler, ýeňillikler döredilýär. Dili öwrenmegiň täze usullarynyň tapylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

     Daşary ýurt dilini öwredýän mugallymyň esasy maksady talybyň şol dilde arassa gürlemegini, düşünmegini we jogap bermegini başarmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

      Bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin uniwersitetimizde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» esasynda birnäçe işler amala aşyrylýar. Hususan-da, daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. şeýle-de daşary ýurt hünärmenleriň gatnaşmagynda dilleri öwrenmegiň usulyýetine bagyşlanan ylmy-usuly maslahatlar geçirilýär. Her bir daşary ýurt dili boýunça gurnaklar hereket edip, olaryň işleri kämilleşdirilýär. şol gurnaklarda talyplar öwrenýän dillerine degişli kompýuter tanyşdyryşlaryndan, ses ýazgyly tekstlerden, kitaplardan peýdalanyp bilýärler. şeýle-de hünär dersleriniň ählisini daşary ýurt dilinde okatmak, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

     Häzirki döwrüň hünärmeni öz hünäri boýunça bilimleri ele almak bilen birlikde, sanly elektron tehnologiýalary öz hünärine hyzmat etdirmegi başarmaly. şu nukdaýnazardan daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek we gündelik durmuşynda netijeli ulanmagy başarmak her bir ýaş hünärmeniň öňünde durýan borjudyr. Ýaş hünärmenlerde şeýle ukyp-başarnyklaryň kemala gelmegi üçin döwletimiz ähli şertleri döredýär.

     Daşary ýurt dillerini öwrenmekde tehniki serişdeleriň yzygiderli ulanylmagy häzirki döwrüň talabydyr. Olar talyplaryň gepleşik başarnyklarynyň we endikleriniň ösmegine ýardam edýär. Ol tehniki serişde bilen daşary ýurt diliniň hakyky nusgasy bilen tanyşýar. Tehniki serişde bilen ol öz sözleýşini deňeşdirip görmäge, ýalňyşlaryny düzetmäge mümkinçilik tapýar, netijede bu ugurda bar bolan bilimlerini kämilleşdirýär. Tehniki serişdeler sapaklaryň has çalt depginde we gyzykly geçmegine, okuw maglumatynyň göwrümini giňeltmäge amatly şert döredýär.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň geljegi bolan ýaş nesilleriň halkara dilleri öwrenmekleri we özleşdirmekleri aýratyn maksat hökmünde kabul edilýär. Daşary ýurt dillerini okatmak talyplaryň okaýyş, ýazuw, diňleýiş, sözleýiş hem-de diňläp düşünmek endiklerini ösdürmäge esaslanýar. Dil öwretmekde netijeli tärler örän möhüm orny eýeleýär we talyplaryň daşary ýurt dilinde ýazuw endiklerini ele almaklaryna ýardam edýär.

     Ýazuw endiklerini ösdürmekde interaktiw ýazuw tärinden peýdalanmak her bir talybyň örän gysga wagtyň içinde özara gatnaşygy ýola goýmagyna oňaýly täsir edýär. Özara gatnaşygyň görnüşinde talyplaryň kompýuter, tehniki serişdeler bilen işlemegi täzeçe sapak geçmekde aýratyn orna eýedir. Maglumat tehnologiýalary talyplara tekst düzmekde, özleş- diriş işinde ýardam berýär we işi ýerine ýetirmekde iş depginini tizleşdirýär.

     Interaktiw ýazuw tärinden peýdalanmak talyplaryň ýazuwda sesleri özleşdirmek endiklerini ösdürmäge ýardam edýär. Talyplara daşary ýurt dilinde sözlerdäki, sözlemlerdäki sesleri dogry harplar bilen ýazmagy öwretmekde mugallym bilen talyplaryň işjeň gatnaşygyny saklamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda interaktiw okuwdan peýdalanmak üçin daşary ýurt dilini okatmagyň usulyýeti degişli çeşmelerde köp sanly ýörite bellenen ýörelgeler we tärler giň- den beýan edilýär.

 

Gurbanmyrat DÖWLETOW,

S.A. Nyýazow adyndaky Türk men oba

hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy

“Mugallymlar” gazeti 18.10.2023ý.

Meňzeş habarlar