YLYM-BILIM — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

     Ylmyň we bilimiň ösüşleriň binýadydygy, geljegiň röwşen ýoludygy ykrar edilen hakykatdyr. Hut şonuň üçin hem ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmagyny üpjün etmek, olary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Pederlerimiziň paýhas eleginde elenip, kämilleşip gelen asylly ýörelgelerimizde bilim öwrenmek, kitap okamak mukaddeslik saýylypdyr. Çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän bu asylly ýörelge ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde has-da döwrebap ösdürilýär. Çünki bu ýörelgäniň süňňüni ylymly-bilimli iliň ösüşleriň şaýolundan ynamly gadamlar bilen öňe barýandygy, netijede, öz röwşen geljegini gurýandygy baradaky hakykat düzýär.

     Berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň täze tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýändikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde hem ýaş hünärmenleriň biliminiň, başarnygynyň ýokary derejede bolmagy möhüm ähmiýete eýedir.

     Hormatly Prezidentimiz: «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýip parasatlylyk bilen belleýär. Munuň özi bolsa ylym-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjä anyk we täzeçe many öwüşginlerini çaýýar.

     Häzirki ajaýyp döwrümizde ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýär. Hut şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň giň dünýä garaýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime ýokary depginde ornaşdyrylýar. Şeýle hem okatmagyň multimedia-interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyndan habar berýär.

     Mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgeleri üstünlikli ösdürilýär. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar bilim ulgamyna ýokary depginde ornaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenler taýýarlanýar, okatmagyň multimedia-interaktiw usullary ýola goýulýar.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylym-bilimiň mundan beýläk hem ösdürilmegini, halkymyzyň asylly ýörelgesini dowam etmegi esasy ugurlaryň biri edip goýýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýip bellemek bilen, ylym-bilimiň, tehnologiýanyň ähmiýetini has-da belende göterdi. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, häzirki ajaýyp döwrümizde ylmyň iň täze gazananlary, tehnologiýalar ylym-bilim ojaklaryna berk ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri has-da artýar. Aslynda hem ylym-bilimli bolmak türkmen halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndaky parasatly sözlerden, taryhy maglumatlardan has-da aýdyň göz ýetirýäris. Gadymdan gelýän şeýle asylly ýörelgelerimiz häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär, ýaşlara bilim öwretmekde we kämil hünärmenleri taýýarlamakda uly işler durmuşa geçirilýär.

     Bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

Örebaý HYDYROW,

Görogly etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň müdiri.

 

«Mugallymlar gazeti»

23.10.203 ý.

Meňzeş habarlar