BILIM — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

      Ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny tutuşlygyna sanly dolandyryş ulgamyna geçirmek babatda tapgyrlaýyn maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda häzirki wagta çenli her bir pudakda degişli maddy-enjamlaýyn binýady döretmekde, işgärleriň, hünärmenleriň sanly dolandyryş boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyryldy.

  Elektron mekdep ulgamynyň öňde goýýan maksady habarlaýyn we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylyşyny işjeňleşdirmegiň hasabyna bilim bermegiň hilini gowulandyrmakdyr. Bu ugurda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň, şol sanda talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň programma üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça ylmy seljermeler durmuşa ornaşdyrylýar. Elektron mekdebiň kömegi bilen mekdepde okuwy we dolandyryş işlerini ýeňilleşdirmek, bilim edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak mümkindir. Bilim we terbiýeçilik, gatnaşyk we ýetişik işlerinde mugallymlar bilen ata-enäniň gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp gitmekde hem sanly bilimiň uly ähmiýeti bardyr.

     Elektron mekdebiň kömegi bilen okuwçylaryň elektron gündeligini, mugallymlaryň elektron žurnalyny ýöretmäge,okuwçylaryň gatnaşygy we ýetişigi barada maglumatlary ata-enelere ýetirmäge giň mümkinçilikler açylýar. Umumy bilim berýän orta mekdepler bilen bir hatarda, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň hem sanly dolandyryş ulgamy arkaly döwlet we halkara derejesinde geçirilýän internet olimpiadalaryna gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeleýändikleri buýsandyryjydyr. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleriniň elektron kitaphana ulgamlarynyň bir bitewi elektron ulgama birikdirilmegi mugallymlara, talyplara özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilik berýär.

 

Beghan ANNASÄHEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň mugallymy.

«Nebit gaz» gazeti.

24.10.2023 ý.

Meňzeş habarlar