DÖWREBAP BILIM ÖZGERTMELERI

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşy yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, ylym, bilim babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle uly özgertmeleriň bir ugry hem ähli pudaklarda, şol sanda bilim ulgamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagydyr. Çünki häzirki ösen döwürde sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, okatmagyň iň döwrebap usullaryny durmuşa geçirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

      Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ähli ýeňillikleri döredýär.Şunda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemelidiris. Bilim ulgamynda sanly ulgama geçmek bilen, bilim ulgamy boýunça maglumatlary elektron usulda tiz alyşmak, bilim we terbiýeçilik işiniň guralyşyna we alnyp barlyşyna uzak aralykdan gözegçiligi amala aşyrmak, bilim we terbiýeçilik işiniň guralyş hili babatda usuly kömekleri we maslahatlary tiz bermek ýaly ugurlarda işleriň hili ýokarlanýar.

Bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, bilim we terbiýe bermegiň öňdebaryjy usullaryny ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgeler bilen sazlaşykly dowam etmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda terbiýe bermekde milli däplerimize esaslanmak, milli ýörelgelerimize belent sarpa goýmak hem asylly işlerdir. Bu asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etmek, ýaş nesillere döwrebap bilim öwretmek bolsa her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr. Şonuň üçin hem biz — bilim işgärleri ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini yzygider kämilleşdirmelidiris.

       Şu mysallardan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda bilim bermegiň döwrebap ugurlary ösdürilýär, watansöýüji ýaşlar kemala gelýär. Goý, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

 

Şemşat TATOWA,

Aşgabat şäherindäki

46-njy orta mekdebiň müdiri.

 

«Mugallymlar» gazeti

25.10.2023ý.

Meňzeş habarlar