BILIMLI NESIL — BUÝSANJYMYZ

      Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyz bagtyýar çagalygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň Watanymyza, halkymyza wepaly, ruhy-ahlak ýörelgelerimize hormat goýýan, bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikleri dünýä nusgalyk diýip görkezmek bolar.

      Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde döwrebap bilimli, daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlaryň kemala gelýändigi hemmämizi guwandyrýar.

      «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz aýdýar. Ajaýyp zamanamyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler şol maksada ýetilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

 

 

Amanmyrat HALYMOW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy

Balkan gazeti 26.10.2023ý.

Meňzeş habarlar